ÝB, Russiýa garşy iň uly sanksiýa bukjalaryndan birini kabul etdi. Bukjada, Demirgazyk Akym turba geçirijisi akaly nebitiň import edilmegini gadagan edýär, eksport edilmegini hem çäklendirýär.
ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan jogapkär ýokary wekilliginden anna güni berlen beýannamada, “ÝB Russiýa garşy iň uly sanksiýa bukjalaryndan birini kabul etdi” diýildi.
Estoniýanyň Premýer-ministri Kaža Kallas X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Demirgazyk Akym turba geçiriji taslamasy arkaly nebitiň import edilmegi gadagan ediler. Nebit üçin has amatly nyrh kesgitlener. Russiýanyň harby senagatyna goýlan sanksiýalary basgylaýan hytaýly banklara we uçarmansyz howa ulaglarynda ulanylýan tehnalogiýanyň eksport edilmegina garşy bolan basyşlary artdyrýarys” diýdi.
Russiýa degişli ýene-de 105 gämä sanksiýa goýuljakdygyna we rus banklarynyň halkara maliýe guramalary bilen edýän gatnaşygynyň çäklendiriljekdigine ünsi çeken Kallas, Moskwa goýlan sanksiýalaryň “Kremliň söweş bujetini çäklendirmegi” maksat edinýändigini belledi.
Estoniýanyň Premýer-ministri Kaža Kallas, Russiýa degişli Rosneft firmasynyň Hindistandaky iň uly rafineriýasynyň hem sanksiýa sanawyna degişli edilendigini mälim etdi.