TÜRKIÝE
2 minut okamak
Prezident Erdogan Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 51-nji ýylynda şehitleri hatyralap geçdi
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, kiprdäki türkleri goramak maksady bilen 1974-nji ýylda amala aşyrlan Parahatçylyk operasiýasyny ýatlap geçip, DKTR-nyň Parahatçylyk we Azatlyk baýramyny gutlady.
Prezident Erdogan Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 51-nji ýylynda şehitleri hatyralap geçdi
8 hours ago

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ýekşenbe güni DKTR-da Parahatçylyk we Azatlyk baýramyny gutlap, 1974-nji ýyldaky Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 51-nji ýylyny ýatlap geçdi.

Prezident Erdogan Kipr adasyny Gresiýa üçin anneksiýa etmegi maksat edinen Kipriň grek böleginiň döwlet agdarlyşygyna garşy Türkiyäniň beren jogaby hökmünde başladan operasiýany ýatlap geçmek üçin DKTR-na sapar guraýar.

Kipr türk halkyna ýüzlenip beren beýannamasynda Erdogan: “Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 51-nji ýylynda, Kipr türk halkynyň bar bolmak ugrundaky göreşi üçin wepat bolan ähli şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralap geçýäris, gahryman harbylarymyza minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Ençeme ýyl bäri dowm edýän mesele

Birleşen Milletler Guramasynyň hemmetaraplaýyn çözgüt tapmak ugrundaky tagallalaryna garamazdan, Kiprde grekler bilen türkleriň arasyndaky jedeller eýýäm onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär.

1960-njy ýyllaryň başynda başlanan etniki hüjümler türkleriň howpsuzlyk üçin gabaw astyna alynan ýaşaýyş zolaklaryna yza çekilmeklerine sebäp boldy.

1974-nji ýylda adany Gresiýa birikdirmegi maksat edinýän grekleriň döwlet agdarylyşygy, Kipr türklerini yzarlamalardan we zorluklardan goramak üçin kepillendiriji güýç hökmünde Türkiyäniň harby gatyşmagyna sebäp boldy. Şonuň netijesinde, 1983-nji ýylda DKTR döredildi.

Soňky ýyllarda Türkiye, Gresiýa we Beýik Britaniýa ýaly kepillendiriji ýurtlaryň gözegçiliginde, 2017-nji ýylda Şweýsariýada şowsuzlyk bilen netijelenen başlangyçlar bilen birlikde, parahatçylyk tapgyry wagtal-wagtal ýaňadandan güntertibe gelýär.

Kipriň Grek bölegi 2004-nji ýylda ÝB-niň düzümine girdi. Şol ýyl grekler, uzak wagtdan bäri dowam edýän düşünişmezçiligi bes etmegi maksadt edinýän BMG meýilnamasyny birtaraplaýyn häsýetde ýatyrdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us