DÜNÝÄ
1 minut okamak
Immigrantlara garşy berk tutum alyp barýan Germaniýa, 81 owgan raýatyny ýurtdan çykardy
Içeri işler ministri Dobrint “Jenaýatçylaryň bu ýurtda ýaşamak hukugynyň ýokdygyny” nygtady we deportasiýa işleriniň Germaniýanyň üýtgan immigrant syýasatynyň bir bölegidigini ýatlatdy.
Immigrantlara garşy berk tutum alyp barýan Germaniýa, 81 owgan raýatyny ýurtdan çykardy
July 18, 2025

Germaniýaly resmiler anna güni jenaýat eden 81 owgan raýatynyň ýurtlaryna yzyna ugradylandygyny mälim etdi.

Içeri işler ministri Aleksandr Dobrint, deportasiýa edilen adamlaryň jenaýat edendigini we Germaniýada ýaşamak rugsatnamalarynyň ýokdygyny nygtady.

Şäriklik hökümetiniň alyp barýan syýasatlaryna üýtgetme girizilendigini aýdan konserwator syýasatçy, “Jenaýat edenleriň ýurdumyzda ýaşamak hukugy ýok” diýip belledi.

Içeri işler ministrligine görä, Berliniň Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn owgan hökümeti bilen diplomatiýa taýdan gatnaşyk etmeýändigi sebäpli ýurtdan çykarlanlaryň ýurtlaryna dolanmaklarynda Katar uly rol oýnady.

Maý aýynda wezipesine girişen Germaniýanyň konserwatorlaryň ýolbaşçylygyndaky täze şäriklik hökümeti, bikanun göçü azaltmak üçin degişli çäreleriň görülmegini wada beripdi.

Hökümetiň meýilnamasy, esasan deportatsiýa işleriniň depgininiň güýçlendirilmegini we ÝB-ne agza ýurtlaryň içerki serhetlerinde gözegçilik işleriniň geçirilmegini öz içine alýar.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us