DÜNÝÄ
1 minut okamak
Awstraliýa Ukraina Abrams tanklaryny berdi
Awstraiýanyň Goranmak ministri 1 milliard dollarlyk harby kömegiň çäginde Ukraina Abrams tanklarynyň ilkinji toparynyň gowşurlandygyny aýtdy.
Awstraliýa Ukraina Abrams tanklaryny berdi
17 hours ago

Awstraliýanyň Goranmak ministri Riçard Marles, 1 milliard dollarlyk kömegiň çäginde Ukraina beriljek 49 sany M1A1 tankynyň ilkinji toparynyň gowşurlandygyny aýtdy.

Tanklaryň galan böleginiň öňümizdäki aýlarda ugradylmagy meýilleşdirilýär.

Awstraliýa Ukraina jemi gymmaty 980,4 million dollara barabar tank kömegini berjekdigini mälim edipdi.

Awstraliýa ukrainaly esgerlere harby tälim bermäge dowam edýär we awgust aýynda E-7A Widgetail uçaryny Ukraina ugradar.

Goranmak ministri Marles “Awstraliýa Ukraina kömek bermäge dowam eder”diýdi.

Awstraliýa Russiýanyň 2022-nji  ýylyň fewral aýyndan bäri Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Kiýewe harby taýdan kömek bermäge dowam edýär we Moskwa sanksiýalar goýýar.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us