DÜNÝÄ
2 minut okamak
Druz lider duýrdurdy: Türkiýe we arap ýurtlary töwellaçy bolmaly
Druz lider duýrdurdy: Türkiýe we arap ýurtlary töwellaçy bolmaly
преди ден

Şeýh Sami Abil-Mona ýurdunyň mundan artyk bölünmeginiň öňüni almak üçin Siriýanyň öňbaşçylygynda dialog tapgyrynyň başladylmagy boýunça çagyryş edip, günorta Siriýadaky dartgynlyga Ysraýylyň meçew berýändigini beýan etdi we daşarky manipulirlemelere garşy duýduryş berdi.

Liwanyň druz jemagatynyň ruhany liderleri Siriýanyň günortasyndaky Suweýda welaýatynda möwç alýan soňky çaknyşygy bes etmek we ýurduň mundan artyk bölünmeginin önüni almak üçin arap we türk töwellaçylygy boýunça gyssagly çagyryş etdi.

“Anadoly” habarlar gullugyna beýanat beren Abil-Mona gan dökülmeginin öňüni almagyň ýeke-täk ýolunyň Siriýanyň öňbaşçylygynda iş ýüzüne geçiriljek giň gerimli dialogdygyny nygtady.

“Dialog Suweýdada we umuman Siriýada mundan artyk ganyň dökülmeginiň we bölünşigiň öňüni almagyn ýeke-täk hakykatçyl ýoludyr” diýen Abil-Mona, sebitleýin güýçler güýçli goldaw bermesele, ýerli ylalaşyklaryň durnuksyz boljakdygyny nygtady.

“Suweýdada gazanylan soňky ylalaşyk gelejek üçin bir başlangyçdy” diýip, Abil-Mona sözüniň üstüni ýetirdi. Abil-Mona: “Ylalaşygyň iş ýüzüne geçmegi üçin arap we türk kepillikleri zerur, sebäbi döwlet bilen ýerli toparlaryn arasynda çuňňur ynamsyzlyk bar” diýdi.

13-nji iýunda bedewi arap taýpalary bilen ýaragly druz toparlarynyn arasynda başlan çaknyşyklar druz söweşijileriniň hökümete degişli güýçlere hüjüm etmegi sebäpli möwjäpdi, soň bolsa Ysraýyl Siriýanyň harby goşunyna harby howa hüjümini gurapdy.

Gysga dowam eden ylalaşygyň bozylmagyndan soň Abil-Mona sebitdäki howpsuzlyk boşlugyndan Ysraýylyň peýdalanandygyny nygtap; “Ysraýyl Suweýdadaky ýagdaýdan iňňän  ýerlikli peýdalandy. Boşlukdan peýdalanyp jemagatlary bölmäge we daşarky hemaýat gözlegine mejbur etmäge çalyşýar” diýdi.

Abil-Mona messebe bagly dartgynlygyň Liwanda-da başlamagyna alada bildirdip; “Bu pitnäni Liwana getirme synanşygy bar. Ol hem ýurtdaky ynjyk deňagramlygy bozar” diýdi.  

Türkiýäniň syýasy tapgyry dikeltmek we giň gerimli dialoglara öňbaşçylyk etmek üçin güýçli pozisiýa eýelemelidigini aýdan Abil-Mona; “Suweýdadaky çaknyşyklar ýurdy bölünşige tarap alyp barýar, emma Siriýa druzlarynyň ruhany lideri ýeke-täk watan we ýeke-täk halk isleýär” diýdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us