Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, “Nýu-Ýork Post” gazetine beren beýannamasynda, Prezident Donald Tramp bilen Waşingtonyň Ukrainanyň söweş meýdanlarynda synagdan geçiren dronlaryny satyn almagy we Kiýewiň hem ABŞ-dan ýarag satyn almagy şertnamasy barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Zelenskiý, Ukrainada öndürlen dronlaryň Russiýada 1300 kilometr aralyga çenli bolan ýerleri nyşana alýandygyny nygtady.
Zelenskiý, çarşenbe güni “Ze Post” gazetine beren beýannamasynda “Bu tehnalogiýa amerikan halky üçin diýseň möhüm we bu tehnalogiýa hökmany suratda inwentaryňyzda bolmaly” diýdi.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý ýurdunyň Russiýanyň hüjümlerine garşy 3 ýyldan bäri dowam edýän söweşde uly rol oýnaýandygyny ýatlatdy.
“Bu tejribämizi Amerika bilen birlikde Ýewropaly beýleki ýaranlarymyz bilen paýlaşmaga taýar” diýen Zelenskiý, Daniýa, Norwegiýa we Germaniýa bilen hem gepleşikleriň geçirilýändigini belledi.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň geljek ýylky goranyş we milli howpsuzlyk bujedinde kiçi dronlara has köp serişde berilmegine garaşylýar.