4 hours ago
Resmileriň habar bermegine görä, şenbe güni Wýetnamyň Ha Long aýlagynda düzüminde 53 adam bolan syýahatçylyk gämisiniň batmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 34 adama ýetdi.
Ýerli metbugat organy VN Expressiň, Kuangnin welaýatynyň resmilerine esaslanyp beren habaryna görä, Wonder Sea atly syýahatçylyk gämisi, şenbe güni günortandan soň Dau Go gowagynyň golaýynda güýçli şemal we aşa ýagan ýagyş sebäpli batdy.
Resmiler şu wagta çenli 12 adamyň diri ýagdýada halas edilendigini we 34 adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdiler. Dereksiz ýiten ýolagçylary we ekipažy tapmak üçin gözleg we halas ediş işleri dowam etdirilýär.
48 syýahatçydan we 5 ekipaž agzasyndan ybarat gäminiň düzüminde çagaly maşgalalaryň hem bolandygy habar berildi.