DÜNÝÄ
2 minut okamak
Halkara Atom Energiýasy Gullugy Nobatdan Daşary Maslahat Üçin Çagyryş Etdi
HAEG Eýranyn ýadro ylalaşygyndan çekilmegi seljermegi we Eýranyň ýadro desgalaryna guralan Amerikan hüjümlerinden soň nobatdan daşary maslahat geçirer.
Halkara Atom Energiýasy Gullugy Nobatdan Daşary Maslahat Üçin Çagyryş Etdi
Halkara Atom Energiýasy Gullugy Nobatdan Daşary Maslahat Üçin Çagyryş Etdi / Reuters
9 hours ago

Gullugyň Başlygy ABŞ-nyň eýrandaky ýadro desgalaryna guran hüjümlerinden soň gullugyň Dolandyryjylar geňeşini nobatdan daşary maslahata çagyrdy.

Rafael Mariano Grossi ýekşenbe güni X platformasyndan “Eýrandaky adatdan daşary şertlere laýyklykda @YAEAorg Dolandyryjylar geňeşini ertir gyssagly maslahata çagyrýaryn” diýip ýazdy.

Bu başlangyç Amerikan güýçleriniň Fordo desgasy bilen bilelikde Eýranyň üç ýadro desgasyna hüjüm edendigi hakyndaky habarlardan soň edildi.

Gulluk başga bir beýanatynda; “Fordo bilen bilelikde Eýrandaky üç ýadro desgasyna guralan hüjümlerden soň häzirki wagta çenli desganyň daşyndaky radiasiýa derejelerinin artandygy hakynda habar berilmändigini tassyklaýarys” diýilýär.  

Beýannamada; “Eýrandaky ýagdaý hakynda maglumatlar geldiği saýyn dykgatyňyza ýetireris” diýilýär.

Beýleki tarapdan Tähran ABŞ-nyň hüjümleri sebäpli derňew işiniň geçirilmegini talap etdi.

Eýranyn “SNN” habarlar gullugynyň beýan etmegine görä Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň Başlygy Muhammed İslami Grossä ýazan hatynda, Gullugy Waşingtonyň hüjümini ýazgarmaga we “degişli çäreleri görmäge” çagyrdy.

Ýadro ýaraglarynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak hakyndaky ylalaşykdan çekilmek

Şeýle hem ýokary derejeli eýranly resmilerden biri Tähranyň bu hüjümlere jogap hökmünde Ýadro ýaraglarynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak hakyndaky ylalaşykdan çekiljekdigini duýdurdy.

Eýranyn Parlamentinin Halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Abbas Golroo X platformasyndan beren habarnamasynda, ylalaşygyň 10-njy maddasynyn Tährana adatdan daşary şertlerde ylalaşykdan çekilmäge hukuk berýändigini nygtady.

Golroo 10-njy maddadan sitata getirip; “Her bir tarap özygtyýarlylygyndan peýdalanyp şu Ylalaşygyň mowzugy bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň ýurdunyň ýokary bähbitlerine howp salýandygyna karar berse, Ylalaşykdan çekilme hukugyna eýedir” diýip ýazdy.

ABŞ-nyň Prezident Donld Tramp ýekşenbe güni ir säher Amerikan güýçleriniň Fordo, Natanz we Yspyhan ýadro desgalaryny bombalandygyny aýtdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us