Syýasat
4 minut okamak
Ysraýylyň Harby Jenaýatlarynyň Derňelmegi
ABŞ-nyň Halkara Jenaýat Kazyýetine (HJK) Goýan Sanksiýalary Ysraýylyň Harby Jenaýatlarynyň Derňelmeginiň Öňüni Alyp Bilermi?
Ysraýylyň Harby Jenaýatlarynyň Derňelmegi
19 Shkurt 2025

ABŞ, Halkara jenaýat kazyýetine girizen sanksiýalary bilen täze bir anti-HJK kampaniýasyny başladan bolsa, dünýä ABŞ-nyň adalat gözlegi boýunça halkara tagallalary bökdeýän beýleki bir ýagdaýa şaýatlyk etmeli bolar.

ABŞ geçen hepde ysraýylly liderleri soňky 15 aýdan bäri palestinalylara garşy dowam edýän genosid etmişinden goramak üçin kanun taslamasyny kabul etdi.

Respublikaçylaryň iki palatanyň gözegçiligini hem eýelemeginden soň ABŞ-nyň Kongresindäki güýç deňagramlylygynyň üýtgemegi netijesinde kabul edilen kanun taslamasy, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we ozalky goranmak ministri Ýoaw Gallant üçin çykarylan tussag ediş buýrugyna garşy HJK-na sanksiýalary girizmegi teklip edýär.

Syýasy strategist we Britaniýanyň Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk ilçisiniň ozalky geňeşçisi Aşiş Praşar ABŞ-nyň bu göçüminiň halkara hukugynyň iş ýüzüne geçirilmeginde biynjalyk ediji iki standartlylyk bolup durýandygyny beýan edýär.

Praşar TRT Worlde beren interwýusynda: “Günbatar geçen hepde halkara hukugynyň aslyna garalanda olary jogapkäçiliklige çekmek üçin dizaýn edilmändigini aç-açan subut etdi” diýip, nygtady.

Praşar: “Günbatar geçmişde-de muny aç-açan beýan etdi: Halkara hukugy afrikaly diktatorlar we Russiýa üçin güýjüni saklaýar, eýsem günbatar ençeme gezek gyrgynçylyk, harby jenaýat we genosid etdi” diýdi.

 Bikanun Kazyýete Garşy Kanun (Yllegitimate Jourt Jounterajtion Ajt)

 “Bikanun Kazyýete Garşy Kanun” atlandyrylýan kanun taslamasy häzirki wagtda Senatyň garamagyna hödürlendi. Taslama HJK-niň Amerikalylary ýa-da ysraýyllylary jenaýat işine çekmäge girişenlere goldaw beren adamlara sanksiýa goýulmagyny nazarda tutýar.

Şol sanksiýalaryň arasynda emläkleriň doňdurylmagy we kazyýetiň işine maddy ýa-da maliýe goldawyny beren daşary ýurtlularyň wyza ýüztutmalarynyň ret edilmegi hem bar.

Şol sanksiýa teklipleri halkara guramalarynyň we bilermenleriň arasynda Ysraýylyň Gazadaky harby jenaýatlaryň genosid hökmünde kesgitlenme pikiriniň ýaýbaňlanýandygyna garamazdan gün-tertibine geldi.

 

Halkara Jenaýat Kodeksi we ABŞ-nyň Pozisiýasy

 

Halkara jenaýat kazyýeti (HJK) geçen noýabr aýynda Netanýahu we Gallant hakynda taryhy tussag ediş buýruklary arkaly hasabat beriş mehanizmlerini giňeltmek üçin şert döretdi.

Halkara Rim Statusyna ýa-da HJK kanunyna degişli ýurtlar genoside ýa-da adamzada garşy edilen jenaýatlara goldaw berenleri, syýasy liderleri we harby gullukçylary ähliumumy kazyýet ygtyýary bilen jenaýat işine çekip bilýär.

Geçen hepde şol ygtyýaryň ilkinji gezek iş ýüzüne geçirilmegi arkaly taryhy başlangyç edildi.

Braziliýadaky kazyýetlerden biri Gazada harby jenaýat edendigi öňe sürülen Ysraýyl harbylaryndan birini derňemek üçin polise görkezme berdi. Kazyýetiň gyssag derňew talaby Rim Statusyna tarap bolup durýan ýurduň hökümlerini döwlet derejesinde iş ýüzüne geçiren seýrek mysaly bolup durýar.

 ABŞ-nyň Sanksiýalary Günbataryň Çemeleşmesini Üýtgedermi?

 ABŞ-nyň HJK-ne garşy teklip eden sanksiýalaryndan soň Biritaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Polşa ýaly ençeme günbatar ýurdy resmi Waşington bilen ugurdaş hereket etse gerek.

“Meniň pikirimçe yzgiderli häsýetde bu genosidi ret edýän, genosidi ýaraglandyrýan we oňa garşy durmaýan şol ýurtlardan çäkli garşylyk göreris” diýip Praşar nygtaýar.

Praşar: “Indi Ýewropa ýaranlarynyň pozisiýasyny üýtgetmegi we ABŞ-na garşy durmagy üçin wagt ýetdi. Olar halkara hukugyna ynanýarlarmy ýa-da ynananok, ine şony görkezsinler” diýýär.

Resmi Waşington başyndan bäri HJK-ne uly kynçylyklar döretdi we Amerikan gullukçylaryny ýa-da ýaranlaryny -esasan-da Ysraýyl ýaly- öz içine alýan harby jenaýatlary derňände Kazyýete garşy durdy.

Şol gysyş taktikalar HJK-niň ýolbaşçylaryna sanksiýa goýmagy we agza ýurtlary ABŞ-nyň bähbitlerine gabat gelmeýän derňew işlerinden goldawyny çekmäge mejbur etmekden ybratdy.

 Ysraýylyň Howpsuzlyk Gullugynyň HJK-niň Ýolbaçylaryna Edýän Gysyşlary

 Ysraýylyň howpsuzlyk gullugynyň HJK-niň ýolbaşçylaryny yzarlandygy we içalylyk işlerini alyp barandyklary hakynda ýüze çykan maglumatlar hem gysyşyň göwrümini alamatlandyrýar.

ABŞ, Trampyň birinji iş möhleti mahalynda HJK-niň Amerikanyň Owganystandaky harby jenaýatlary we Palestinada Ysraýylyň harby jenaýatlary boýunça derňew işleri sebäpli HJK-niň Baş prokurory Fatou Besuda we beýleki gullukçylaryna sanksiýa goýupdy.

Esasanda Bensuda Mossadyň ýokary dolanşygyndan gönüden hemlelere sezewar boldy. Şol hemleler Bensuda ýa-da onuň maşgala agzalaryna zyýan ýetirilmegi bilen baglydy we HJK-ni Ysraýyla garşy jenaýat işini gozgamakdan el çekdirmegi nazarda tutýardy.

Amerikan hökümetiniň şol sanksiýalary soňky ýyllarda bes edildi, emma indi sanksiýalary gaýtadan güýje girizme başlangyjy esasy kanuny we etiki meseleleri gün-tertibine getirýär.

 Syýasy Garşylygyň Güýçlenmegi

 Syýasy garşylyk hem güýçlenýär. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Amerikadan respublikaçy senatorlar topary HJK-niň prokurory Karim Hana duýduryş ugratdy. Senatorlar tussag ediş buýruklary dowam eden halatynda hem Hana hem-de kazyýetiň beýleki resmilerine we olaryň maşgala agzalaryna sanksiýa goýuljakdygyny duýdurdylar.

Praşar: “HJK we prokurorlar şol tussag ediş buýruklaryny çykaran halatynda sanksiýa goýuljakdygyny, jezalandyryljakdyklaryny we hüjüme sezewar boljakdyklaryny bilýärdiler” diýýär.

“ABŞ, Ysraýyl ýa-da özi üçin hiçi hili jogapkärçilik islemeýär. Çünki Ysraýylyň jogapkärçiligi, ABŞ-nyň hem jogapkärçiligi diýmegi aňladýar; sebäbi Ysraýyla şol genosidi etmegi üçin ähli syýasy we harby goldawy berdi” diýip, Praşar beýan edýär.

 Sanksiýalaryň HJK-niň Derňew Işine Täsirleri

 ABŞ-nyň teklip eden sanksiýalarynyň HJK-niň Ysraýyl bilen bagly derňew işini dolulygyna ortadan aýyrmagyna garaşylmaýar. Emma bu çäreler operatiw kynçylyklary ýüze çykarar; mysal üçin ABŞ-daky emläkleriň doňdurylmagy ýa-da maliýe guramalarynyň HJK bilen işleşmekden çekinmegi mümkin.

ABŞ-nyň HJK-niň prokurorlaryna we gullukçylaryna garşy anti-HJK kampaniýasy ilki global derejede ýazgarylypdy. Ysraýyldan daşgary günbatarly ýurtlary ýa-da ABŞ-nyň ýaranlary şol kampaniýany goldamandy.

Emma bu gezek esasanda Ýewropada ABŞ-nyň adalatyň öňüni alma synanşyklary HJK-na garşy tankydy belliklerden Waşingtonyň kazyýetiň işine goşulyşmagyna tarap gönükmegi bilen has güýçli garşylyga sebäp bolup biler.

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us