2024-nji ýylyň ahyrynda BRICS-iň giňelmegi ýylyň esasy geosyýasy wakasy hökmünde öňe saýlanýar.
Gurama resmi taýdan 2000-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri dünýä syýasatynda ýer alýar. Emma şu ýyl guramanyň täsiriniň güýçlenmegi taýdan taryhy ýyl boldy. 2024-nji ýylda gurama agza ýurtlaryň sany artdy.
BRICS -iň agza sanynyň artmagy, ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky G-7 toparynyň dünýä syýasatyndaky mertebesine uly zeper ýetirýär. Gaza, Ukraina, ABŞ-da geçirlen saýlawlar we Siriýa meselesi 2024-nji ýylda BRICS üçin öwrülşik nokady boldy.
Bir ýylyň dowamynda başdan geçirlen wakalar, dünýä ulgamynyň ahyry deňagramly geo syýasy ulgama tarap gidýändigini görkezdi. 2024-nji ýyl ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbatarly ýurtlardan ybarat kiçi imperýalist meýiller üçin soňky oýun manysyny aňladyp biler.
Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika ýaly BRICS-iň esasy agzalary bilen gurama täze agza bolan ýurtlar tarapyndan demokratiýa arkaly dolandyrylýan açyk, adalatly we deň hukukly dünýä ulgamy üçin başlangyç boldy.
BRICS üçin Beeline
Wakalaryň gün tertibine gysgaça ser salmak, 2024nji ýylyň dünýä syýasatynda näme üçin öwrülşik nokady bolandygyny görkezýär.
1-nji ýanwarda ýene-de 4 ýurt, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran we Efiopiýa resmi taýdan BRICS-e agza boldy we gurama agza ýurtlaryň sany bäşden dokuza ýetdi. Oktýabr aýynda guramanyň beren çagyryşyna laýyklykda Alžir, Belarus, Boliwýa, Kuba, Indoneziýa, Gazagystan, Malaýziýa, Nigeriýa, Taýland, Uganda, Özbegistan we Wiýetnam gurama agza boldy.
Russiýanyň Gazan şäherinde Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçirlen BRICS-iň 16-njy liderler sammitinde ýokarda ady agzalýan ýurtlar gurama resmi taýdan agzalyga kabul edildi.
NATO-nyň esasy ýurtlaryndan biri bolan Türkiýä hem gurama bilen hyzmatdaş agzalyk derejesi teklip edildi. Erdogan Türkiýäniň BRICS-e agza ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarynyň NATO agzalygy we ÝB-ne dalaşgärligi ýaly häzirki işlerine alternatiw bolmandygyny aýtdy.
Türkiýäniň Söwda ministri Ömer Bolat hem noýabr aýynda beren beýannamasynda, gurama tarapyndan Türkiýä hyzmatdaş agzalyk derejesiniň teklip edilendigini aýtdy.
2024-nji ýylda birnäçe ýurduň BRICS bilen gatnaşyk etmek üçin ýüz tutandygy bellenildi. Şol ýurtlaryň käbiri gurama doly agza bolmak isleýär, käbiri bolsa hyzmatdaş agzalyk derejesini almak isleýär. Ozal azyndan 40 ýurduň gurama agza bolmak isleýändigi mälim edilipdi.
Günbatara iki ýüzlenme
BRICS-iň täsiri gün saýyn güýçlenýär. Soňky iki waka, guramanyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbataryň imperýalist täsiriniň azalýan dünýäsinde oňyn atmosferanyň emele getirilmegi boýunça güýçli islegiň bardygyny görkezdi.
Biri amerikan dollaryna garşy halkara derejesinde alternatiwiň ýüze çykarylmagy üçin simwoliki hereket. Beýlekisi bolsa Günbatardan daşary emelek intellektiň kämilleşdirilmegi boýunça halkara derejesinde edilýän tagalla.
2004-nji ýylda Gazan şäherinde geçirlen guramanyň liderler sammitinde BRICS-iň simwolyki pul birligi dabaraly ýagdaýda tanyşdyryldy.
Pul birligiň ýüzünde gurama agza ýurtlaryň baýdaklarynyň suraty ýer alýar. Funksional walýuta bolmasada, pul birliginiň tanyşdyrylmagy guramanyň dollara alternatiw tapmak islegini görkezýärdi. Dollar umuman alnanda ABŞ tarapyndan dünýäniň ykdysadyýetine höküm etmek üçin ulanýan guraly hökmünde görülýärdi. BRICS-iň pul birligini hakykata öwürmegi üçin heniz ir bolsada bu pikir gurama agza ýurtlaryň dollaryň agdyklyk etmeginden gutulmagyň ýolynyň gözleýändigini görkezýär.
23-nji oktýabrdan BRICS-iň serhetaşa tölegleri ýerli pur birlikleri bilen tölenmegini tassyklamagyndan soň, gurama Günbataryň töleg mehanizmi bolan SWIFT ýaly ABŞ-nyň gözegçiligindäki ynamsyz maliýe ulgamlaryna garşy ykdysady ulgam döretmek isleýär.
G-7-a agza ýurtlarda uly nägilelige sebäp bolan başga bir waka bolsa 11-nji dekabrda başdan geçirildi. Moskwada geçirlen konferensiýa gatnaşan Prezident Putin, Russiýanyň emeli intellektiň kämilleşdirilmegi üçin BRICS-e agza ýurtlar bilen birlikde beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.
G-7 we BRICS:Hakykaty üýgetmek.
BRICS-iň dünýäde täsiriniň güýçlenmegi bilen birlikde şeýle sorag ýüze çykýar: G-7-niň BRICS bilen deňeşdirilende täsiriniň azalmagy eýsem näme many aňladýar?
Üýtgeýän hakykat, gurama üçin tolgunduryjy bolşy ýaly G-7 üçin gynandyryjy.
G-7 ýada Ýediler topary, ABŞ-dan, Britaniýadan, Kanadadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan we Italiýadan ybarat ykdysady taýdan ösen 7 ýurtdan ybarat topar. Mundan başgada 27 Ýewropa ýurdundan ybarat ykdysady topar bolan ÝB-ni öz içine alýar.
Resmi Waşington tarapyndan gönükdirilýän G-7, birnäçe ýyldan bäri halkara gatnaşyklarda we halkara ykdysadyýetde uly rol oýnaýar we Hytaý, Russiýa, Türkiýe we Hindistan ýaly beýleki güýçleriň goşandygyny kabul etmekde ikirjiňlenýär.
Emma soňky döwürde güýç dinamykalary üýtgedi. G-7 yzygiderli ýagdaýda güýjüni we täsirini ýitirýär. 1990-njy ýylda G-7-niň halkara derejesinde adam başyna düşýän milli girdejisi 66 göterimdi we birnäçe ýylyň dowamynda ýokary bolmagynda galdy.
Şol döwürde ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar islän ýurdunyň içerki işlerine goşulyşýardy we Bütin dünýä banky bilen halkara pul gaznasyny garyp ýurtlara gönükdirýärdi.
2022-nji ýylda ýetilenden bolsa G-7-niň halkara derejesinde adam başyna düşýän milli girdejisi 44 göterime çenli aşaklady.
Amerikan güýçleriniň 2021-nji ýylda Owganystandan çekilmeginden soň resmi Waşingtonyň täze söweş başlatmandygyna göz ýetiriň. Ukrainadaky, Gazadaky, Siriýadaky we Ýemendäki çaknyşygy parahatçylykly ýagdaýda çözüp bilmedi.
BRICS näme üçin tapawutly
Tersine BRICS-e agza ýurtlaryň halkara derejesinde adam başyna düşýän milli girdejisi 37 göterime çenli baryp ýetdi. Emma muňa garamazdan dünýäde ykdysady taýdan gün saýyn güýçlenýändigine garamazdan haýsydyr bir söweşi başlatmakdan we goşulyşmakdan gaça durdy.
Deňagramly tutum alyp barmak mümkin. Sebäbi BRICS imperýalizme gönügen G-7 bilen deňeşdirilende dürli geo syýasy garaýşa eýe we bir merkeze bagly bolmadyk hökümet toparyndan ybarat.
2025-nji ýyla gadam basylýarka BRICS dünýäniň ilatynyň 40 göterimini özünde jemleýär.
Ukraina söweşi, Gaza krizisi, Donald Trampyň saýlawda üstünlik gazanmagynyň we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalaryň dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän günlerinde BRICS-iň täsiriniň güýçlenmegi 2024-nji ýylyň iň uly öwrülşik wakalaryndan biri hökmünde taryhda öz mynasyp ýerini alýar.