Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolem, ÝTN teleýaýlymy arkaly garaşylmadyk ýagdaýda ýary gije harby dolanşyk yglan etdi. Prezident Ýun, ýurdunyň erkinligi we legal ulgamy goramak üçin şeýle karar kabul etmäge mejbur bolandygyny aýtdy. Oppozisiadaky partiýalary mejlisiň öz işini dowam etdirmegini bökdemekde günäkärlän Ýun, bu ýagdaýyň ýurduň krizise sezewar bolmagyna sebäp bolandygyny öňe sürdi.
Prezident Ýun çykyşynda “Koreýa Respublikasyny Demirgazyk Koreýanyň komunist güýçleri tarapyndan abanýan howpdan goramak, halkymyzyň durnuklylygyny we bagtyýarlygyny bozmak isleýän Demirgazyk Koreýanyň tarapynda durýan, döwlete garşy tutum alyp barýan güýçleri ortadan aýyrmak we legal ulgamy goramak üçin harby dolanşyk yglan edýärin” diýdi. Prezident Ýun, emma harby dolanşygyň çäginde hökümetiň amala aşyrjak işleri hakynda giňişleýin maglumat bermedi.
Prezident Ýunyň beýannamasy esasan Koreýa Respublikasynyň Milli mejlisinde esasy köplüge eýe bolan oppozisiadaky Demokrat partiýany nyşana aldy. Şu hepde partiýanyň tanymal agzalaryndan biri bolan kazylaryň wezipesinden alynmagy üçin teklip hödürledi. Mundan başgada hökümetiň bujet teklibini ret etdi. Prezident Ýuna görä, bu syýasy göçümler harby dolanşygyň yglan edilmeginde uly rol oýnady.