Türkiye bilen Beýik Britaniýa Siriýa garşy girizilen sanksiýalaryň şertsiz aýrylmagyny, esasan hem maliýe akymlarynyň ýaňadandan dikeldilmeginiň üpjün edilmegi maksady bilen Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen diplomatik gepleşiklerde ara alyp maslahatlaşdylar.
Türk diplomatik çeşmeleriniň maglumatyna görä, duşenbe güni geçirilen duşuşyga Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz we Beýik Britaniýanyň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika, Owganystan we Pakistan boýunça döwlet ministri Hemiş Falkoner ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşiklerde Siriýa we beýleki sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Nuh Ýylmaz Siriýanyň howpsuzlyk, ynsanperwer we ykdysady ýagdaýlary baradaky Türkiyäniň garaýyşlaryny paýlaşdy we krizisiň çözgüdi üçin giňişleýin çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady.
Milli ylalaşyk tagallalaryny goldamagyň we merkezi dolandyryşy dikeltmegiň möhümdigini belläp, ekstremist hereketleriň bu prosesde ýeriniň ýokdugyny ýene bir gezek nygtady.
Ýylmaz Siriýanyň täzeden dikeldilmegi we ykdysady ösüşi meselesine hem ünsleri çekdi. "Sanksiýalaryň şertsiz we doly aýrylmagy, esasan hem ýurduň içine maliýe akymlarynyň girmegini üpjün etmek meselesi gozgaldy" diýip habar çeşmeleri beyan etdiler.
Türkiye we Beýik Britaniýa Siriýa we beýleki sebit meseleleri boýunça maslahatlaşmalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.