SYÝASAT
2 minut okamak
Pakistanda Gaza söweşine garşy geçirlen protestlerde KFC-ä hüjüm eden 170-den gowrak adam saklandy
Ýurduň çar tarapynda geçirlen protest ýörişlerinde, protestçylaryň KFC-niň dükanlaryna zeper ýetirendigi anyklandy.
Pakistanda Gaza söweşine garşy geçirlen protestlerde KFC-ä hüjüm eden 170-den gowrak adam saklandy
2025. április 18.

Ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä, Pakistanda soňky hepdelerde ABŞ-na we ýarany Ysraýylyň Gazadaky söweşine garşy geçirilýän protestleriň çäginde ABŞ-nyň KFC çalt nahar zynjyrynyň dükanlaryna 10-den gowrak hüjüm guraldy we şol hüjümler bilen arabaglanşykly onlarça adam tussag edildi.

Polisiýa, Karaçi, Lahor we paýtagt Yslamabat bilen birlikde birnäçe şäherde geçirlen protestlerde KFC-niň dükanlaryna 11 hüjümiň guralandygyny anyklady.

Ýolbaşçylar şol hüjümler bilen arabaglanşykly azyndan 178 adamyň saklanandygyny mälim etdi.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän KFC we onuň ýolbaşçysy Ýum Brands mesele boýunça garaýyş beýan etmekden gaça durdy.

Lahor şäheriniň içeri işler müdüriniň orunbasary Faisal Kamran, “Şol hüjümlere ýolbaşçylyk edenleriň anyklanylmagy üçin giňişleýin barlag geçirýäris” diýdi.  Kamran şäherde biri TLP partiýasynyň agzasy jemi 11 adamyň saklanandygyny belledi.

Kamran protestçylaryň TLP partiýasy tarapyndan resmi taýdan gönükdirilmändigini ýatlatdy.

Boýkotlar

TLP partiýasynyň metbugat sekretary Mohsin Khan, toparyň musulmanlara Ysraýylda öndürlen harytlaryň boýkot edilmegi barada çagyryş berendigini, emma KFC-niň öňünde protest ýörişiniň geçirilmegi barada hiç hili çagyryşyň berilmändigini belledi.

Khan, “Eger TLP partiýasynyň lideri ýada agzasy bolandygyny öňe süren kimdir biri şeýle aksiýa gatnaşan bolsa, bu onuň şahsy hereketi hökmünde analiz edilmeli we partiýanyň alyp barýan syýasaty bilen hiç hili arabaglanşygy ýokdyr” diýdi.

Soňky aýlarda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli günbatarly markalaryň önümleri Pakistanda we beýleki musulman ýurtlarda boýkot edilýär.

Ysraýyl 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gaza garşy rehimsiz söweş başlatdy. Şol günden bäri guralýan hüjümlerde 51 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýum Brands Gaza söweşi bilen arabaglanşykly boýkotlaryň özlerine degişli Pizza Huta hem ýaramaz täsirini ýetirendigini belledi.

Pakistanda käbir sarp edijileriň amerikan markalaryndan ýüz öwürmegi ýerli markalara bolan islegi artdyrdy.

Global Datanyň görkezijilerine görä Coca-Colanyň Pakistan bazaryndaky paýy 2022-nji ýylda 6,3 göterime barabar bolan bolsa şol san 2023-nji ýylda 5,7 göterime çenli aşaklady. PepsiColanyň bazar paýy hem 10,8 göterimden 10,4 göterime çenli aşaklady.

Üstümdäki aýyň başynda Pakistanly din adamlary Ysraýyla we ABŞ-na degişli harytlaryň we markalaryň boýkot edilmegi üçin çagyryş beripdi, emma halkdan emlaklara zeper ýetirilmezligini isledi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us