1714-nji ýylda Antonio Stradiwari tarapyndan ýasalan "Joachim-Ma Stradivarius" atly keman Nýu-Ýorkda geçirilen auksionda rekord baha satyldy. Gazanylan girdejiniň New England Konserwatoriýasynyň talyplary üçin stipendiýa hökmünde beriljekdigi mälim edildi.
Dünýä meşhur keman ussasy Antonio Stradiwari tarapyndan ýasan bu nusgawy saz guraly, Sothebys auksion öýi tarapyndan geçirilýän açyk bäsleşikde 11,3 million dollara alyjy tapdy. Keman 12-18 million dollar aralygynda satuwa çykarylypdy, ýöne onuň iň soňky bahasy garaşylandan pes boldy.
"Joachim-Ma Stradivarius" Stradiwariniň "Altyn döwüri" atlandyrylýan saz guralyny ýasamakdaky hünäriniň iň ýokary derejesine ýeten çagynda öndürilen kemanlaryň biridir. Onuň gymmatyny kesgitleýän beýleki bir möhüm faktor bolsa, meşhur kompozitor Johannes Bramsyň "Re Major Keman Konsertini" ýazanda şol kemandan ylham alandygy baradaky rowayatdyr. Hatda, bu konsertiň 1879-njy ýylda geçirilen ilkinji ýerine ýetirilişinde hem bu keman çalynypdyr.
Sothebys auksion öýüniň ýolbaşçysy Mari-Klaudia Jimenez kemanyň diňe bir sungat eseri bolman, eýsem, klasiki sazyň taryhynyň hem iň ýokary derejesini görkezýändigini aýtdy. "Bu kemanyň özbolyşly sesi we taryhy mirasy ony kolleksiýaçylaryň we sazandalaryň üns merkezinde saklaýar" diýip, ol belledi. Şeýle hem Jimenez "Joachim-Ma Stradiwarius" kemanynyň dünýä boýunça uly gyzyklanma döredendigini we saz guraly üçin tölenen iň ýokary muzdlardan birine ýetendigini nygtady.
Auksion 8 million dollar teklip bilen başlady we gysga möhletde 10 million dollara ýetdi. Auksionçy Phyllis Kao, bahanyň 10,5 million dollara çykmagyna garaşsa-da, zaldakylardan ses çykmady. 10 million dollarlyk ahyrky teklipden soň auksion tamamlandy. 11,3 million dollarlyk muzd, auksion öýüniň komissiýa töleglerini hem öz içine alýar.
Bu gymmat bahaly kemanyň ady meşhur kemançy wenger Ýozaýf Joahim we hytaýly sazanda Si-Hon Ma bilen baglanyşyklydyr. Ma aradan çykandan soň, onuň mirasdarlary kemany Bostondaky New England Konserwatoriýasyna berýärler. Konserwatoriýa hem bu gymmatly eseri satuwa çykaryp, gazanylan girdejini talyplar üçin stipendiýa gaznasyna gönükdirmegi karar etdi.
New England Konserwatoriýasynyň prezidenti Andrea Kalyn bu satuwyň konserwatoriýanyň talyplary üçin uly mümkinçilik döredendigini belledi: "Bu gelejekki talyplar üçin uly özgerişlik döreder we konserwatoriýamyzyň taryhyndaky iň uly stipendiýa gaznasyny döretmäge ýardam eder" diýip, ol aýtdy. Şeýle hem Kalyn, "Joachim-Ma Stradivarius" kemanynyň konserwatoriýanyň bir bölegi bolmagynyň uly hormatdygyny we onuň mirasynyň bütin dünýäde dowam etmegini görmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny nygtady.