SYÝASAT
3 minut okamak
Trampyň adminstrasiýasy, Rumeýsa Öztürkiň anti-semitiz we terror bilen arabaglanşygyny tapyp bilmedi
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna esaslanylan habarnama görä, ministrlik, Trampyň Hamasa goldaw berýändigi hakyndaky asylsyz garaýyşlaryna esaslanyp Öztürkiň wizasyny bes etmek üçin hiç hili sebäp tapyp bilmedi.
Trampyň adminstrasiýasy, Rumeýsa Öztürkiň anti-semitiz we terror bilen arabaglanşygyny tapyp bilmedi
14 avril 2025

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Türkiýäniň raýaty we Massaçusets ştatyndaky Tufts uniwersitetinde okaýan talyp Rumeýsa Öztürkiň anti-semitiz we terror bilen arabaglanşygynyň bardygy hakynda hiç hili delil tapyp bilmedi.

“Waşington Post” gazeti, ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynda mart aýynda taýarlanan hatyň, Trampyň adminstrasiýasynyň Öztürkiň Palestinaly göreşiji topar Hamasa goldaw berýändigi ýada Içerki howpsuzlyk gullugy tarapyndan öňe sürülşi ýaly anti-semitizm ýada meçew beriji aksiýalara gatnaşandygy hakyndaky garaýyşlara esaslanyp wizasyny bes etmek üçin hiç hili subutnamanyň ýokdygyny görkezýändigini mälim etdi.

Gazetiň habar bermegine görä, hatda, Döwlet sekretary Marko Rubionyň Öztürkiň wizasynyň ýurduň bähbitlerine zeper ýetirýän kararyň çäginde bes etmegi üçin hiç hili subutnama ýokdy.

Tufts uniwersitetinde Fulbright stipendiýasy bilen çaga we adamyň ösüşi boýunça doktorlyk derejesi bilimini alýan Öztürk, Somerwilledäki öýüniň öňünde gündiz wagty maskaly ABŞ-nyň İmmigrasiýa we Gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan tussag edilipdi.

Öztürk, Ysraýylyň tarapynda durýan Janary Mission atly web saýtynyň, türk talybynyň 2024-nji ýylyň mart aýynda talyplaryň The Tufts Dailyde, Ysraýylyň Gazada edýän genosidine garşy uniwersitetiň alyp barýan tutumyny tankyt edýän makalasy sebäpli göz tussaglygyna alnypdy.

DHS-nyň tejribeli ýolbaşçylaryndan Andre Watsonyň Döwlet sekretarlygynaky kärdeşine ýazan hatynda, “Öztürk, Hamasyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyllylara garşy başladan terrorçylykly hüjümlerinden soň Ysraýyla garşy geçirlen çärelere gatnaşdy” diýildi.

Hatda şeýle hem Öztürkiň “makalany birlikde ýazandygy” we şol makalada “Tuftsyň maýa goýumlaryny beýan etmegini we Ysraýyl bilen gönüden ýada arabaglanşykly firmalardan maýa goýumlaryny yzyna çekmegini talap edendigi” öňe sürüldi.

Umytsyz wakalar

“Waşington Post” gazeti tarapyndan seljerlen başga bir hatda, DHS Öztürkiň wizasynyň bes edilmegini maslahat beripdir. Şol hatda Immigrasiýa we Raýatlyk kanunyna laýyklykda onuň ABŞ-da ýaşamaga dowam etmeginiň ýurduň syýasatyna zeper ýetirip biljekdigi sebäpli onuň ýurtdan çykarylmagy maslahat berlipdir.

Ady agzalýan hatda, ABŞ-nyň görkezijilerine görä, Öztürkiň terror bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygynyň anyklanandygy nygtaldy. Emma Öztürke öňünden habar berilmezden wizasynyň bes ediljekdigi bellenildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Tammy Brýus mart aýynda beren beýannamasynda, mesele hakyndaky soraga, “Kazyýet işi dowam edýän mesele barada hiç hili garaýyş beýan edip bilmerin” diýipdi.

Brýus “DHS, onuň jenaýat edendigine ynanýar” diýip sözleriniň üstüne goşdy.

Basyşlar

Öztürk hakynda gozgalan iş, Ysraýylyň Gazadaky genosidini tankyt edýän Palestinanyň tarapynda durýan talyplara garşy gozgalan işlerden diňe biri.

Amerikaly ýolbaşçylar 8-nji martda, geçen ýylyň bahar aýlarynda Kolumbiýa uniwersitinde geçirlen Palestina goldaw berýän ýörişlere öňbaşçylyk eden Mahmud Halili hem tussag etdi. Prezident Tramp, Haliliň tussag edilmeginden hoşaldygyny we bu wakanyň şuňa meňzeş başlangyçlaryň ilkinjisidigini aýtdy.

Tramp, haýsydyr bir subutnama bolmazdan Halili Hamasa goldaw bermekde günäkärledi. Halil, Hamas bilen hiç hili arabaglanşygynyň bolmandygyny nygtaýar. 12-nji aprelde amerikaly kazylardan biri Haliliň ýurtdan çykarlyp bilinjekdigini mälim etdi.

Haliliň tussag edilmeginden birnäçe gün soň Prezident Trampyň aýdyşy ýaly Palestina goldaw berýän we Georgotown uniwersitetiniň ylmy işgäri hindistanly Badar Han Suri tussag edildi. Suriniň aklawçy, Suriniň aýalynyň palestinalydygy sebäpli onuň tussag edilendigini aýtdy.

Suriniň tussag edilmeginden soň ýolbaşçylar bu gezek palestinaly talyp Momodou Taaly yzarlamaga başlady we onuň boýun egmegini isledi.

25-nji martda Kolumbiýa uniwersitetiniň talyby Ýunseo Çung, geçen ýylyň bahar aýlarynda Palestina goldaw berýän ýörişe gatnaşandygy sebäpli ABŞ-dan çykarylmagynyň öňüni almak üçin Trampyň adminstrasiýasyna garşy iş gozgandygyny mälim etdi.

Legaa Kordia, Ranžani Sriniwasan we Alireze Doroudi ýaly talyplar hem ýa saklandy ýada öz islegi bilen ýurdy terk etdi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us