Türkiýäniň tanymal syýahatçylyk merkezi Antalýada öz işine başlan forum, 4 ýyldan bäri halkara liderleri, diplomatlary, hünärmenleri we ylmy işgärleri geo syýasy taýdan ynjyk döwürde halkara meselelere çözgüt tapmak üçin bir ýere jemleýär.
Forum, 11-nji aprelde Prezident R. T. Erdoganyň we Daşary işler ministri Hakan Fidanyň açylyş çykyşy bilen öz işine başlady.
Üç gün dowam etjek forum, diplomatiýanyň sebitara we halkara krizisleriň hötdesinden gelinmegini maksat edinýär.
Foruma, 20-den gowrak döwlet we hökümet baştutany, 50-si daşary işler ministri bolmak bilen 70 ministr we halkara guramalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birlikde 4 müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Foruma ylmy işgärler, hünärmenler we talyplar hem gatnaşýar. Foruma gatnaşmak üçin 140 ýurtdan 450 wekil bilen 50 ýurtdan 950 žurnalist hem Antalýa geldi.
Forumyň çäginde Ýakyn Gündogardan Aziýa, Afrikadan Latyn Amerika çenli birnäçe sebit bilen arabaglanşykly howa çalşygy, terrora garşy göreş, ynsanperwer kömek, digitallaşma, azyk howpsuzlygy we emeli intellekt ýaly meselelere garaljak 50-den gowrak oturlyşyk geçirler.
Foruma gatnaşýan liderleriň arasynda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Mahmud, Garadagyň Prezidenti Ýakow Milatowiç, İndoneziýanyň Prezidenti Prabawo Subianto, Wengriýanyn Prezidenti Wiktor Orban bilen Kosowanyň Prezidenti Wžosa Osmani-Sadriu hem bar.
Diplomatiýanyň ünsi Antalýa gönükdi
Antalýanyň hakimi Ersin Şahin, şu ýyl 4-nji geçirilýän foruma ýer eýeçiligini edýändikleri üçin buýsanýandyklaryny belledi.
Şahin, halkara derejesinde ýakyndan tanalýan Antalýanyň, döwlet we hökümet baştutanlaryny, daşary işler ministrleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara guramalaryň wekillerini, ylmy işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini myhman aljakdygyny belledi.
Antalýanyň hakimi Ersin Şahin şäheriň şeýle uly guramaçylyklara ýer eýeçligini etmeginiň buýsandyryjydygyny nygtady.