DÜNÝÄ
1 minut okamak
Azatlyk flotiliýa kömek gämisi Ysraýylyň gabawyny bozmak üçin Gaza golaýlaýar
Gäminiň düzümindäki topar halkara guramalaryny howpsuz geçelgäni üpjün etmäge çagyrýar we özlerine bolmagy ähtimal islendik hereketiň ynsanperwer kanunlaryny bozjakdygy barada duýduryş berýär.
Azatlyk flotiliýa kömek gämisi Ysraýylyň gabawyny bozmak üçin Gaza golaýlaýar
15 часов назад

Ýardam gämisiniň saparyny gurnaýan Azatlyk flotiliýa koalisiýasy, düzüminde 12 aktiwist bolan gäminiň Müsüriň suw giňişligine baryp ýetendigini we gabaw astyndaky Palestinanyň topraklaryna golaýlap gelýändigini habar berdi.

Azatlyk flotiliýa koalisiýasynyň agzasynyň biri bolan Halkara Gaza gabawyny bozmak komiteti şenbe güni Londonda beren beýanatynda, gäminiň Müsüriň suw giňişligine girendigini habar berdi.

Komitet gämidäki toparyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara hukuk we adam hukuklary guramalary bilen aragatnaşykdadyklaryny we özlerine garşy amala aşyrylmagy ähtimal islendik hereketiň halkara ynsanperwer hukugynyň aç-açan bozulmagy boljakdygyny mälim etdi.

Gäminiň düzümindäki Ýewropa Parlamentiň bir agzasy hökümetlere “Azatlyk flotiliýa üçin howpsuz geçiş kepilligini bermekleri” barada çagyryş berdi.

Gämidäki aktiwistleriň biri AFP beren beren beýanatynda: “Häzirki wagtda Müsüriň kenaryndan geçýäris. Ählimiziň ýagdaýymyz gowy” diýip  beýan etdi.

Azatlyk flotiliýa koalisiýasynyň bir bölegi bolan we geçen hepde Sisiliýadan ýola çykan Madleen atly gämi “Gazadaky gabawy bozmak” maksady bilen ynsanperwer kömek alyp barýar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us