13 may 2025 г.
Pakistanyň goşuny sişenbe güni beren beýanatynda, ýadro güýçlerine eýe bolan bäsdeşleriň arasynda geçen hepdäniň ahyrynda baglaşylan ýaraşyk ylalaşygynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan yglan edilmeginden soň, Hindistan bilen başdan geçirlen ýaragly çaknyşykda 11 esgeriň we asuda ilatdan 40 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Goşun tarapyndan berlen beýanatda: “Asuda ilatdan 40 adam ýogaldy, şolaryň hatarynda 7 zenan we 15 çaga bar. Şeýle hem 121 adam ýaralandy” diýildi.
Beýanatda mundan başgada goşundan we Harby-howa güýçlerinden 11 esgeriň ýogalandygy we 78 esgeriň ýaralanandygy mälim edildi.