DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Ukrainanyň gündogarynda 3 ýaşaýyş ýerini ele salandygyny öňe sürdi
Beýleki tarapdan bolsa Moskwa Ukraina degişli 95 sany uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini, Kiýew bolsa paýtagta hüjüm guran ençeme uçarmansyz howa ulagyny ýok edendigini habar berdi.
Russiýa Ukrainanyň gündogarynda 3 ýaşaýyş ýerini ele salandygyny öňe sürdi
10 小时前

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde iki we demirgazygyndaky Sumy sebitinde bir ýaşaýyş ýerini ele salandygyny öňe sürdi.

Şenbe güni berlen beýanatda, harby güýçleriň Donetsk sebitinde soňky wagtlarda ruslaryň basyşy astynda bolan Konstantinowka şäherçesiniň gündogarynda ýerleşýän Stupoçki obasyny basyp alandygyny beýan etdi.

Mundan başgada 1000 km uzynlygyndaky front liniýasynyň günbatarynda ýerleşýän Otradne obasynyň we Sumy sebitinde rus serhetleriniň çäginde ýerleşýän Loknýa obasynyň gözegçiliginiň ele salynandygy mälim edildi.

Ukrainanyň baş ştaby bolsa şol ýitgileri kabul etmedi we Otradne obasyny Ukrainanyň harby güýçleriniň front liniýasynda rus hüjümlerini duruzan birnäçe şäherçäniň biridigini habar berdi. Mundan başagda Ukrainanyň baş ştaby Stupoçkiniň bu hepdäniň başynda rus hüjümleriniň astynda ýerleşýän sebitiň bir bölegi hökmünde häsýetlendirilendigini aýan etdi.

Ukraina ençeme aýlap rus harby güýçleriniň Sumy sebitindäki ýerleri basyp almak ugrunda hereket edýändigini aýdýar, emma şol sebitleriň islendik biriniň ele salynandygyny kabul etmedi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa anna güni, demirgazyk-gündogardaky Kupýansk şäheriniň golaýynda ýerleşýän Radkiwka obasynyň ele salynandygyny habar beripdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us