SYÝASAT
2 minut okamak
Ysraýyl Eýran we Siriýa meselesinde Russiýa bilen gizlin gepleşikler geçirdi
Ysraýylyň hüjümleriniň berk ýazgarylandygyna garamazdan resmi Moskwa Tährana syýasy goldawdan başga hiç hili reaksiýa bildirmedi.
Ysraýyl Eýran we Siriýa meselesinde Russiýa bilen gizlin gepleşikler geçirdi
Eýran / TRT World
12 hours ago

Eýranyň döwlet ýaýlym organy “KAN” 2-nji iýulda beren habarynda mälim edilmegine görä Ysraýylyň Tähran bilen atyşygy bes eden mahalynda Eýran we Siriýa meselesinde Russiýa bilen gizlin gepleşikler geçirdi.

Habarda beýan edilmegine görä gepleşikler 24-nji iýunda atyşygyň bes edilmeginden bir hepde soň Moskwanyň Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda töwellaçylyk teklip etmeginden soň başlady.

Bu barada berlen habarnamada gepleşikleriň mazmuny hakynda maglumat berilmeýän hem bolsa, ysraýylly resmileriň hem Eýran hem-de Siriýa meselesinde giňişleýin diplomatik çözgüt gözleýändigini beýan edilýär.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Eýran meselesinde ABŞ bilen has giň gerimli ylalaşyk gazanmak isleýandigini mälim edilýär.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň geljek hepde Waşingtonda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçirjek duşuşygynda meseläniň gün-tertibine gelmegine garaşylýar.

Habarda mälim edilmegine görä Ysraýyl Eýran meselesinde ozal Liwan bilen geçirilen geňeşilen çarçuwa meňzeş meýilnama düzmegi tama edýär.

Ysraýyl 13-nji iýunda Eýrana howa hüjümlerini gurapdy we şol hüjümler Trampyň 24-nji iýunda atyşygyň bes ediljekdigi hakyndaky beýanatyndan soň bes edilipdi.

Russiýanyň daşary işler ministrligi hüjümler boýunça beren beýanatynda Ysraýylyň hüjümleriniň kabul edilmesizdigini we “bu meçew bermäniň ähli netijeleriniň Ysraýylyň liderine degişli boljakdygyny” duýdurypdy.

Emma Moskwanyň Ysraýylyň hüjümlerini berk ýazgarandygyna garamazdan Tährana syýasy goldawdan başga meýlininiň bolmandygy nygtalýar. Bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky ýaranlyga garamazdan şeýle boldy.

Ysraýylly resmiler atyşygyň bes edilmeginden bäri “Ybraýyl ylalaşyklary” atlandyrylýan gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy bilen bagly ylalaşyklaryň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Habarda beýan edilmegine görä giň gerimli sebitleýin strategiýanyň çäginde Siriýa bilen aýlawly gepleşikler hem geçirilýän bolup biler.

Russiýa onlarça ýyldan bäri Ýakyn Gündogarda ynjyk deňagramlylyk syýasatyny alyp baryp, Ysraýyl bilen gowy gatnaşyklaryny dowam etdirip, Eýran bilen güýçli ykdysady we harby gatnaşyklary ösdürdi.

Soňky döwürde Ysraýylyn Eýranyň ýadro we harby desgalaryna guran hüjümleri ýokary çinli generallaryň we alymlaryň ölmegine sebäp bolan bolsa, Tähranyň uçarmansyz howa enjamlary hem-de raketa hüjümleri bilen görkezen garşylygy resmi Moskwa üçin çylşyrymly diplomatik synag bolup durýar.

Emma bu şertler Moskwanyň çaknyşygyň bes edilmegi üçin töwellaçy pozisiýasyny eýelemegine şert hem döredip biler.

Mowkadaky käbir synçylar Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky çaknyşygyň üns merkezine öwrülmeginiň Ukrainadaky uruşdan global ünsi sowuk biljekdigini we günbataryň resmi Kiýewe berýan godlawyny azaldyp, Russiýanyň bähbitlerine hyzmat etjekdigini aýdýarlar.  

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us