SYÝASAT
2 minut okamak
Trampyň polat we alýumin tarifeleri: Global söwda dartgynlylygy güýjeýär
Tarifelerden iň agyr çeken ýurtlar — ABŞ-na esasy polat we alýumin eksport edýän Kanada, Braziliýa, Meksika we Günorta Koreýa boldy.
Trampyň polat we alýumin tarifeleri: Global söwda dartgynlylygy güýjeýär
March 13, 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan kabul edilen täze tarifler güýje girdi. Bu başlangyç global söwda düzgünlerini ABŞ-nyň bähbidine üýtgetmek ugrundaky tagallalaryň depginini güýçlendirdi we Ýewropadan dessine garşylyk görkezildi.

Trampyň karary bilen, polat we alýumin importyna 25 göterim möçberinde global tarif gaýtadan güýje girizildi. Mundan başga-da, bu çäre: nurbatlar we boltlar, buldozer pyçaklary, kola gaplary ýaly  ýüzlerçe goşmaça önüm üçin hem girizildi.

Ýewropa Komissiýasy bu tariflere jogap hökmünde 26 milliard ýewro (takmynan 28 milliard dollar) möçberindäki Amerikan harytlaryna goşmaça salgyt girizjekdigini yglan etdi.

Kanada, Angliýa we Awstraliýa ABŞ-nyň giň gerimli tariflerini berk tankyt etdiler. Kanada, jogap çärelerini öwrenýändigini habar berdi. Angliýanyň Söwda ministri Jonathan Reynolds bolsa, "Milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulýar" diýdi.

Tramp sişenbe güni tarifleriň güýje girmegine birnäçe sagat galanda Kanadanyň eksport edýän polat we alýumin önümlerine girizilýän salgytlary 50 göterime çenli ýokarlandyrjakdygyny beýan etdi.

Emma Ontario ştatynyň premýer-ministri Doug For, Ontario ştatynyň ABŞ-nyň Minnesota, Mişigan we Nýu-Ýork ştatlaryna edýän elektrik eksportyna goşulan 25 göterim salgydyň wagtlaýynça togtadylmagyny kabul edenden soň, Tramp şol abaý-syýasatyndan el çekdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary ABŞ-nyň Kanada basyş etmegini "Amerikan halky üçin ýeňiş" diýip atlandyrdy.

ABŞ Gümrük we Serhet Gorag Gullugy sişenbe güni ýerli wagt bilen 16:30-a çenli kwota ýeňilligi bilen baglanyşykly resminamalary tabşyrmadyk import edijilere doly tarifleriň giriziljekdigini habar berdi.

Şol sebäpli import edijiler berlen möhletiň gutarmagyndan öň resminamalary tamamlamak üçin bäsleşmeli boldular.

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýayen ABŞ-nyň polat we alýumin tarifleriniň "esassyz" bolandygyny aýdyp, ÝB-niň berk çäre görjekdigini mälim etdi.

EU slams 'unjustified' Trump tariffs, vows tough response

European Union chief Ursula von der Leyen has vowed that US tariffs on steel and aluminium “will not go unanswered,” adding that they will trigger tough countermeasures from the 27-nation bloc.

🔗

 ABŞ-nyň polat öndürijileri bu karary Trampyň 2018-nji ýylda girizen ilkinji polat we alýumin tarifleriniň täzeden güýje girmegi hökmünde gutladylar.

ABŞ Polat Öndürijiler Bileleşiginiň başlygy Philip Bell: "Prezident Tramp, köp ýyl bäri ulanylan tarif boşluklaryny ýapmak bilen Amerikan polat senagatyny täzeden janlandyrýar" diýdi. Şeýle-de, "Bu täze tarif, Amerikanyň polat öndürijilerine adalatsyz söwda tejribelerinden goranyp, täze iş orunlaryny döretmäge we has köp maýa goýmaga mümkinçilik berer" diýip belleýär.

Kanadanyň Energetika ministri Jonathan Wilkinson, eger-de ABŞ tariflerini dowam etdirse, Kanadanyň hem nebit eksportyna çäklendirme girizmek ýa-da magdan eksportyna goşmaça salgyt salmak ýaly çäreleri görüp biljekdigini “Reýter” habar gullugyna mälim etdi.

Hytaý, ABŞ-nyň alýumin we alýumin önümleri boýunça iň uly ikinji üpjünçisi bolup galýar. Ýöne, eýýäm demping we döwlet subsidiýalary sebäpli ýokary tariflere sezewar bolup gelýär. Mundan başga-da, Tramp geçen aýda fentanil gaçakçylygy bilen baglanyşykly Hytaýa ýene 20 göterim goşmaça salgyt girizmek kararyna geldi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us