TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe Siriýany gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün eder
Ankara uruşdan soňky dikeldiş tagallalarynyň çäginde Siriýa gaz we elektrik energiýasyny eksport eder.
Türkiýe Siriýany gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün eder
16 hours ago

Türkiýäniň Energetika ministri Alparslan Baýraktar, Damaska guran resmi saparynyň çäginde, Türkiýäniň täze baglaşylan energetika şertnamasynyň çäginde Siriýa ýylda iki milliard kub metrlik gaz berjekdigini aýtdy.

Bu göçüm, Ankaranyň 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän içerki uruşdan soň Siriýadanyň gaýtadan dikeldiş etabyna goldaw berýändigini görkezýär.

Penşenbe güni Siriýanyň Energetika ministri Muhammed al Beşir bilen metbugata beýannama beren Türkiýäniň Energetika ministri Alparslan Baýraktar, gaz eksportynyň Siriýada goşmaça 1.300 megawatlyk elektrik energiýasynyň öndürilmegine goldaw berjekdigini belledi.

Ministr Baýraktar Türkiýäniň şeýle hem Siriýanyň gysga möhletli zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin 1000 megawatt elektrik energiýasy bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Gaz geçirijiniň gaýtadan işledilmegi we durmuşa geçiriljek taslamalar

Siriýanyň Energetika ministri Muhammed al Beşir iki ýurduň arasynda uzak wagtdan bäri işlemeýän tebigy gaz turba geçirijisiniň gaýtadan hyzmada açylmagy boýuna ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Ady agzalýan geçirijiden iýun aýynda gazyň akdyrylmagyna garaşylýar.

Ministr Al Beşir “Bu elektrik önümçiligini artdyrar”diýip belledi.

Iki kärdeş mundan başgada üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ulanylmaga berilmegine garaşylýan we iki ýurdy birleşdirýän 400 kilowotlyk elektrik geçirijisiniň gurluşyk işleri hakynda hem pikir alyşdy.

Bu geçiriji arkaly Türkiýeden Siriýa 500 megawatta çenli elektrik energiýasynyň eksport edilmegi maksat edinilýär.

Türk maýa goýumlary

Türkiýe bilen Siriýanyň arasynda baglaşylan energetika şertnamasy, türk hususy pudagynyň Siriýanyň energetika we magdançylyk pudaklaryna maýa goýmagyna itergi berer.

Ministr Baýraktar, türk firmalarynyň  Siriýada magdançylyk, elektrik energiýasynyň öndirilmegi we paýlanmagy ýaly ugurlara maýa goýjakdygyny belledi.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us