DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Tährandaky Ymam Hüseýin uniwersitetine hüjüm gurady
Ysraýyl anna gününden bäri Eýrana garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär we sebitde dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýar.
Ysraýyl Tährandaky Ymam Hüseýin uniwersitetine hüjüm gurady
8 hours ago

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýyl paýtagt Tähranda ýerleşýän Ymam Hüseýin uniwersitetine hüjüm gurady.

Uniwersitetiň Ynkylap Goragçylary goşuny bilen arabaglanşygynyň bardygy bilinýär.

Ysraýylyň şu gün ir ertir Ymam Hüseýin uniwersitetine hüjüm gurandygy bellenildi.

Sebitdäki dartgynlyk anna güni Ysraýylyň Eýranda ýadro desgalaryna we harby merkezlere guran howa hüjümlerinden soň Tähranyň degişli gaýtawuly görkezmeginden soň has-da möwjedi.

Ysraýylly ýolbaşçylar, Eýranyň raketa hüjümlerinde azyndan 24 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Eýran bolsa Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 224 adamyň ýogalandygyny, 1000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýan etdi. Adam hukuklaryny goramak topary şu gün beren beýannamasynda Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Eýranda azyndan 585 adamyň ýogalandygyny, 1326 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Merkezi Waşingonda ýerleşýän topar, ýoganlardan 239-nyň asuda ilatdan 129-nyň bolsa howpsuzlyk işgärinden ybaratdygyny aýan etdi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us