TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiye: “ABŞ Ysraýylyň Gaza hüjümleri barada has gowy habarly bolmaly” diýdi
Ysraýylyň Palestinada edýän genosidi bilen bagly tankydy bellikleriň üstünde durup geçen Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan her kimiň “üýtgeýän derejelerde nägilelikleriniň” bardygyny habar berdi.
Türkiye: “ABŞ Ysraýylyň Gaza hüjümleri barada has gowy habarly bolmaly” diýdi
Hakan Fidan / AA
April 14, 2025

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-yň Ysraýylyň Gaza hüjümleri we dowam edýän urşyň töwekgelçilikleri barada has gowy habarly bolmalydygyny beýan etdi.

Hakan Fidan ýekşenbe güni beren beýanatynda: “Häzirki wagta çenli dowam edýän, esasan hem ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jo Baýdeniň döwründe başlaýan syýasatlar bilen, häzirki genosidiň dowam etmegi Amerikan goldawy bilen mümkin boldy. ABŞ-nyň häzirki Prezidenti hormatly Donald Trampyň häkimiýetiň başyna gelen mahaly amala aşyran başlangyçlary bilen bir ýaraşyk yalaşygyň kabul edilmegine sebäp boldy. Biziň häzirki garaşýan zadymyz, onuň prezidentlik döwründe hem dowamly parahatçylygy gazanmak üçin ädimleriň edilmegidir. Diplomatik gurşawda hemmeler bir pikire gelýär: ABŞ-nyň täze hökümeti has gowy habarly bolmaly we dowam edýän urşyň töwekgelçilikleri has giňişleýin düşündirilmeli” diýip belledi.

Fidan Ysraýylyň Palestinada genosidine garşy her kimiň belli bir derejede garşylyk görkezýändigini aýtdy.

Hakan Fidan käbirleriniň garşylygyny aç-açan beýan edýändigini, beýlekileriniň bolsa ony ýapyk gapylaryň aňyrsynda aýdýandygyny belläp, BMG-de geçirilen ses berişlikde 156 ýurduň Ysraýyla garşy ses berendigini nygtady.

Esasy meseläniň, dünýäniň tas ähli ýurtlarynyň ylalaşýan meselesini duruzyp bilmezlikdigini nygtap: “Hut şu ýerde dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan kanunylyk krizisi we sistematik krizisi ýüze çykýar” diýip belledi.

Ysraýyla garşy dürli ädimleriň ädilmegi üçin tagallalaryň dowam edýändigini aýdan Hakan Fidan: “Emma ahyrynda, Ýewropadan we ABŞ-dan — has uly maýa we syýasy güýjüň jemlenen ýerlerinden — goldaw dowam edýänçä, bu adamzada garşy jenaýat, bu genosid gutarmaz” diýip belledi.

Ol bu ýagdaýyň halkara ulgamynda diňe gysga möhletde däl, eýsem orta we uzak möhletde hem dürli görnüşlerde çykdajylara sebäp boljakdygyny belläp: “Bu mesele boýunça işler dowam edýär. Emma Gazanyň ýagdaýyna bolan duýgurlyk hökmany ýagdaýda ünsden düşürilmeli däldir” diýip habar berdi.

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerini duruzmak üçin Türkiyäniň has täsirli ädimler edip-etmejekdigi bilen galy soraga Hakan Fidan, Türkiyäniň başyndan bäri öz täsiri astynda bolan ähli aksiýalary ýerine ýetirýändigini mälim etdi.

Hakan Fidan: “Iki taraplaýyn derejede, ilçini yzyna çagyrmakdan başlap, söwda gatnaşyklaryny kesmek ýaly ähli ädimleri ätdik. Köp taraplaýyn derejede, aýratyn hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, D-8, ÝB platformalary we Arap Ligasynyň çäginde, näme edip boljakdygy barada çynlakaý tagallalar edýäris” diýip aýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us