Aksios habar saýty ýekşenbe güni ABŞ-nyň bu hepde ABŞ-nyň Eýran bilen Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff bilen Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda maslahat geçirilmegi ähtimallygyny ara alyp maslahatlaşýandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyk sebäpli Kanadada geçirilen G7 sammitine gatnaşyp, duşenbe güni Waşingtona gaýdyp geldi.
Donald Tramp metbugat işgärlerine: “Belli sebäplere görä ir gaýdyp gelmäge mejbur boldum” diýdi.
Trump ozal bolsa Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagy sebäpli asuda ilatyň Tährandan ewakuasiýa edilmegi barada çagyryş beripdi.
Donald Tramp “Truth Social” platformasyndan: “Eýran olara gol çekmeklerini aýdan şertnama gol çekmelidiler. Gynansagam, adam pidalary boldy. Açyk ýagdaýda aýdýaryn: Eýran ýadro ýaraga eýe bolup bilmez. Ony ençeme gezek aýtdym. Her kim iň tiz wagdta Tährandan ewakuasiýa bolsun” diýip belledi.