Pakistanly ýolbaşçylara görä, soňky ýyllaryň iň ynjyk wakalaryndan birinde Hindistan, Pakistana we Pakistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmirde 6 ýere hüjüm gurady. Hüjümde çagalar bilen birlikde birnäçe adam ýogaldy, metjitlere uly zeper ýetirildi.
Pakistanyň harby goşunynyň metbugat sekretary Bahawalpur, Muridke, Muzaffarabad, Kotli, Bagh we Ahmadpur Esaty etraplaryny nyşana alandygyny mälim etdi.
General-leýtenant Ahmed Şerif Çaudri hüjümlerde asuda ilatyň ýogalandygyny aýtdy. Ahmadpuryň gündogarynda 3 ýaşyndaky gyzçagazyň, Pakistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmiriň Kotli etrabynda 16 ýaşyndaky gyzyň we 18 ýaşyndaky ýetginjegiň ýogalandygy bellenildi.
Lahoryň golaýyndaky Muridke şäherinde hem 1 adam öldürildi, onlarça adam ýaralandy, iki adam ýitdi.
Pakistan hem hüjüme berk gaýtawul görkezendigini 5 hindi harby uçary bilen köp sanly drony urup düşürendigini öňe sürdi.
Aşakdaky suratlarda hüjümiň ilkinji pursatlary görkezilýär