Pakistanyň harby goşunyndan berlen beýannama görä, Pakistanyň Gury ýer güýçleriniň serkerdesi marşal Asym Munir bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni Ak Tamda duşuşdy.
Beýannamada, “Prezident Tramp, Pakistan bilen uzak möhletleýin strategiki utgaşyklyga we özara bähbide esaslanýan söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär” diýildi.
Beýannamada, Munir bilen Trampyň mundan başgada Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyklar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
“Men urşy togtatdym”
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy marşal Asym Muniriň Hindistan bilen bolan söweşde uly rol oýnandygyna ünsi çekdi.
Tramp, Waşington DJ-däki günorta naharyndan soň beren beýannamasynda “Şu gün marşal Asym Muniri kabul etdim” diýdi.
Kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
Tramp, “Men ony urşy togtadandygy üçin minnetdarlyk bildirmek maksady bilen çagyrdym. Biz Pakistan bilen söwda şertnamasynyň baglaşylmagy we sebitleýin meseleler bilen birlikde Eýran meselesi hakynda pikir alyşdyk” diýdi.
Nahardan öň metbugata beýannama beren Tramp, Günorta Aziýadaky bäsdeşleriň arasyndaky çaknyşygyň öňüni alandygyny nygtap, “Olar biri-birine garşy herekete geçýärdi we ikisi hem ýadro güýjüne eýe ýurtlar. Men iki ýurduň arasyndaky urşy togtatdym” diýip belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, marşal Munir bilen birlikde Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hakynda öwgüli sözler aýtdy.
Tramp, “Bu adam (Munir) Pakistan tarapynda we Modi hem Hindistan tarapynda uly rol oýnady” diýdi.