ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ABŞ-nyň Merkezi bankynyň başlygy Powelliň gyssagly wezipesinden çekilmegini isledi.
Donald Tramp, Trut Sosial arkaly beren habarnamasynda, Federal ýaşaýyş maliýe agentliginiň başlygy William Pulteniň, Kongrese Powell hakynda derňew işiniň gozgalmagy üçin beren çagyryna ýer berdi.
Pulteniň çagyryşyny öz içine alýan Bloombergiň habaryna ünsi çeken Tramp, “Powwel gyssagly wezipesinden çekilmeli” diýdi.
William Pulte beren beýannamasynda, “syýasy tarapgöýlügi” we “Senadyň oturluşygynda ýalňyş maglumat” berendigi sebäpli Kongresiň Powell hakynda derňew işini gozgamagy barada çagyryş berdipdi.
Pulte, Powelli Merkezi bankyň 2,5 milliard dollarlyk abatlaýyş taslamasy hakynda ýalan maglumat bermekde günäkärleýär.
Powell, Tramp tarapyndan prezidentliginiň birinji döwründe Merkezi bankyň başlyklygyna dalaşgärlige hödürlenipdi.
Trampdan soň ABŞ-nyň Prezidenti bolan Jo Baýden bolsa Poweli ikinji döwür üçin Merkezi bankyň başlyklygyna dalaşgärlige hödürledi.
Tramp, esasan “prasent stawkalary wagtynda aşaklatmandygy” sebäpli Powelli birnäçe gezek tankyt edipdi.