DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eýran, Ysraýyl hüjümlerini bes etse jogap hüjümlerini bes etjekdigini aýtdy
Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Ysraýyl hüjümlerini bes eden halatynda Tähranyň "dowam etmek niýetiniň bolmandygyny" aýtdy, emma resmi bir ylalaşygyň bolmandygyny beýan etdi.
Eýran, Ysraýyl hüjümlerini bes etse jogap hüjümlerini bes etjekdigini aýtdy
19 hours ago

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi ABŞ-nyň ýaraşyk şertnamasynyň gazanylandygyny öňe sürýändigine garamazdan Ysraýyl bilen resmi ýaraşyk şertnamasynyň bolmandygyny aýtdy.

Abbas Arakçi X platformasyndan beren beýanatynda: "Häzirki wagta çenli haýsydyr bir ýaraşyk ýa-da harby operasiýany bes etmek barada ylalaşyk ýok" diýdi.

Arakçi, Eýranyň harby hereketleriniň Ysraýyl tarapyndan başladylan agressiýa jogapdygyny, Tähran tarapyndan başladylan bir söweş bolmandygyny habar berdi.

Bu beýanat ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ysraýyl bilen Eýranyň iki hepde töweregi dowam eden çaknyşyklardan soň "doly we kesgitli" ýaraşyk baglaşandygyny yglan etmeginden birnäçe sagat soň berildi.

Arakçi şeyle hem Ysraýyl sişenbe güni Tähranyň wagty bilen sagat 04:00-a çenli hüjümlerini bes etse, Eýranyň harby taýdan jogap bermegini bes etjekdigini aýtdy.

Arakçi: “Eger Ysraýyl režimi Eýranyň halkyna garşy bikanun agressiýasyny bes etse ... biziň jogabymyzy dowam etdirmek niýetimiz ýok” diýdi. Arakçi ondada harby operasiýalaryň bes edilmegi bilen bagly gutarnykly kararyň birnäçe wagt soň kabul ediljekdigini beýan etdi.

Arakçi nobatdaky beýanatynda Eýranyň harby güýçlerini “soňky pursata çenli” operasiýalaryny dowam etdirendikleri üçin öwdi we ýurdy “soňky damja ganyna çenli” goramaga taýýardyklaryny belledi.

Bu beýanatlar ABŞ tarapyndan yglan edilen ýaraşygyň güýjüniň bolup-bolmandygyny ýa-da ähli taraplar tarapyndan kabul edilip-edilmändigi baradaky näbelliligi ýüze çykardy.

Ýaraşyk gepleşikleri dowam edýärkä, Ysraýyl Eýranyň täze raketalary atandygyny öňe sürýär, Eýranyň metbugaty bolsa Ysraýylyň ýadro alymy Muhammet Ryza Siddikiniň janyna kast edip öldürendigini habar berýär.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us