Hytaý, dünýäde ilkinji gezek ynsana meňzeş robotlaryň ýaryşyny ynsanlar bilen birlikde geçirdi.
Hytaýda öndürlen Tien Kung Ultra roboty, şenbe güni geçirlen ýarym marafony 2 sagat 40 minutda tamamlap birinji orny eýeledi.
“Global Taýmes” gazeti robotyň 21 kilometrlik ýoly ýadaman tamamlandygyny mälim etdi.
Ýaryşa Unitre firmasynyň G-1, Ležu Robotik Kuawo we NOETIX firmasynyň N2 robotlary bilen birlikde 20-ä golaý robot gatnaşdy.
Howpsuzlyk sebäpli ynsanlar bilen adam şekilli robotlaryň arasyna barrikadalar goýuldy. Robotlar hem ynsanlar bilen şol bir wagtda ylgamaga başlady.
Adam şekilli robotlar ýaryşa bir-birden başladylar. Her biri bir minutlyk aralyk bilen berlen duýduryşdan soň ýola düşdi.
Ýoluň ugrunda goldaw beketleri guruldy. Şol ýerde toparyň agzalary robotlara hyzmat edip, olaryň batareýalaryny çalyşdy.
Käbir robotlar, uzak aralyga ylgamak üçin üznüksiz işleýän batareýa bilen üpjün edildi.
Käbir robotlara gorag aýakgaplary geýdirildi. Käbiri bolsa aýagyna zeper ýetirilmezligi üçin çydamly goşundular bilen üpjün edildi.
.