DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýa-Ukraina urşy dowam edýär
Russiýa we Ukraina ýaraşyk tamalarynyň näbelli bolan bir döwründe howa hüjümlerini dowam etdirýärler
Russiýa-Ukraina urşy dowam edýär
Russiýa-Ukraina urşy / TRT Global
March 16, 2025

Russiýanyň harby güýçleri Ukraina degişli 31 sany uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirdi, Ukrainanyň Belgorotdaky hüjüminde bolsa 1 adam ýaralandy.

Russiýa we Ukraina biri-birlerine garşy howa hüjümlerini dowam etdirip, ýaralanmalara we zyýanlaryň çekilmegine sebäp bolýarlar. Resmiler eýýäm 3 ýyl bäri dowam edýän uruş bilen bagly ýaraşyk teklipleriniň geljeginiň näbelli bolmagynda galýandygyny habar berýärler.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni beren beýanatynda, Waşingtonyň Ukraina bilen 30 günlük ýaraşyk teklibini goldaýandygyny, emma onuň güýçleriniň birnäçe möhüm şertler ýerine ýetirilýänçä çenli urşuň dowam etjekdigini belledi.

Taraplaryň ikisi hem howa hüjümlerini dowam etdirýärler, Russiýa Ukrainanyň harby güýçlerini Günbatar Russiýanyň Kursk sebitindäki eýýäm ençeme aý bäri dowam edýän basyp alyşlyk ýerlerinden çykarmak üçin tagalla edýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýekşenbe güni beren beýanatynda, howa goranyş birikmeleriniň Russiýanyň çäginde jemi 31 sany ukrain uçarmansyz howa ulagyny ýok edendigini aýtdy. Şolaryň 16-sy günorta-günbatar Woronež sebitinde, 9-sy Belgorod sebitinde, galanlary bolsa Rostow we Kursk sebitlerinde ýok edildi. Russiýanyň Goranmak ministrligi şol habary Telegram gollanmasyndan habar berdi.

Ukrainanyň Belgorod sebitine uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde, biri 7 ýaşly çaga bolmak bilen jemi 3 adam ýaralandy. Sebitiň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow Telegram hasabyndan beren beýanatynda, 2 adamyň Gubkisnkiý sebitindäki öýlerine uçarmansyz howa ulagynyň degmegi netijesinde bolan ýangynda ýaralanandygyny, beýleki adamyň bolsa Dolgoýe obasyndaky hüjümde ýaralanandygyny mälim etdi.

Woronež sebitiniň gubernatory Aleksandr Gusew Telegram hasabyndan beren beýanatynda, sebitde hiç hili ýaralanmanyň ýa-da zyýanyň çekilmändigini beýan etdi. Günortadaky Rostow sebitiniň wagtlaýyn gubernatory hem sebitde hiç hili şikes ýetmäniň ýa-da zyýanyň çekilendigi barada habar berilmändigini aýtdy.  

Ukrainanyň resmiler bolsa Russiýanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen birnäçe hüjüm gurandygyny habar berdiler. Ukrainanyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugy şolaryň biriniň demirgazyk Çernigow sebitinde bolandygyny, Russiýanyň hüjüminiň netijesinde köp gatly jaýda ýangyn ýüze çykandygyny aýan etdiler.

Ukrainanyň metbugaty paýtagt Kiýewiň töweregindäki sebitlerde birnäçe partlamanyň bolandygyny habar berdiler. Ukrainanyň harby-howa güýçleri Kiýew we beýleki merkezi sebitler üçin uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjüm howpy barada duýduryş berdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us