DÜNÝÄ
1 minut okamak
Putin Russiýanyň Kursk sebitine sapar gurady
Putin Ukrainanyň gözegçiliginden yzyna alynmagyndan soň ilkinji gezek Kursk sebitine sapar gurady
Putin Russiýanyň Kursk sebitine sapar gurady
21 Maj 2025

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň harby birikmeleriniň sebitden çykarylmagyndan ençeme hepde soň, ynsanperwer guramalar we resmiler bilen duşuşymak üçin Kursk sebitine bardy.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin rus harby birikmeleriniň geçen aý Ukrainanyň esgerlerini sebitden çykarmagyndan soň ilkinji gezek günbatardaky Kursk sebitine baryp gördi.

Kreml çarşenbe güni beren beýanatynda, Putiniň bir gün ozal Ukraina serhediniň golaýyndaky Kursk sebitine sapar gurandygy habar berildi.

Ukrainanyň harby güýçleri 2024-nji ýylyň awgust aýynda takmynan 2,5 ýyl dowam eden uruşda Kiýewiň serhetaşa operasiýasynyň çäginde Kursk sebitine duýdansyz giripdi, emma 9 aý soň rus esgerler tarapyndan yzyna serpikdirilipdi.

Ukraina sebitden çykarylandygyny tassyklamady.

Putin gurluşygy dowam edýän Kursk atom elektrik bekediniň 2-nji bölegine baryp gördi we saýlanan meýletinler bilen ýapyk görnüşde geçen maslahatda duşuşdy. Mundan başgada Kremliň häzirki wagtda hem öýlerine gaýdyp gelmeýän, ýaşaýan ýerlerinden göçürlen maşgalalara berilýän aýlyk tölegleriň dowam etdirilmegi baradaky pikirini goldaýandygyny sebitiň gubernatorynyň wekili Aleksandr Khinşteine ýetirdi.

Russiýanyň 2022-nji ýylda başladan hüjümlerinden 2 ýyl soň, Ukraina 6-njy awgustda iň batyrgaý operasiýasyny başladyp, uçarmansyz howa ulaglaryö goldawy we Günbatar döwletleriň ýaraglary bilen rus serhedini geçip Kursk sebitine giripdi.

Ukrainanyň harby güýçleri operasiýada Kursk sebitinde takmynan 1400 ind km ýeri gözegçilik astyna alandyklaryny öňe sürüpdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us