Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Siriýada Başar Asadyň ýolbaşçylyk etmegindäki režimiň agdarylmagyndan soň ýurduň taryhyndaky “täze döwür” hökmünde häsýetlendiren tapgyrda, Siriýanyň syýasy geçiş tapgyry we ýaňadandan dikeldilmegi üçin has köp sebitleýin we halkara goldawyň berilmegi barada çagyryş berýän beýannama çap etdi.
Penşenbe güni berilen beýannamada Siriýanyň halkynyň 14 ýyllyk çaknyşyklaryň täsirinden çykmaga synanyşýandygy we geljegini siriýalylaryň liderlik etmeginde syýasy tapgyr bilen şekillenmeginiň zerurdygyny belledi.
Ankara, Siriýanyň sebitleýin we global diplomatiýa gaýtadan goşulmak ugrundaky soňky ädimlerini goldamalydygyny aýtdy. Ol üzňeleşdirmegiň we sanksiýalaryň gowşak durnuklylyga howp saljakdygyny duýdurdy we has giň diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň parahatçylyk üçin möhümdigini aýtdy.
Türkiye muny ynsanperwerlik we strategiki zerurlyk hökmünde kesgitledi we durnuksyzlyk töwekgelçiligini ýok etmegiň ýeke-täk ýolunyň “has köp goldaw we has çuňňur gatnaşykdygyny” beýan etdi.
Türkiyäniň Siriýa baradaky garaýşy: Agzybirlik, howpsuzlyk we täzeden gurmak
Beýannama görä, Türkiyäniň Siriýa syýasatynyň esasyny ýurduň territorial bitewiligini goramak, terrorçylyk howplaryny ýok etmek, milli barlyşygy üpjün etmek we sanksiýalary ýatyrmak arkaly täzeden gurmak durýar. Türkiye, Siriýanyň özygtyýarlylygyny gowşadýan ýa-da döwlet häkimiýetiniň daşyndaky ýaragly toparlaryň we separatist aktýorlaryň ýaşamagyna mümkinçilik berýän islendik başlangyja garşydygyny aýtdy.
Beýannamada Siriýanyň günortasynda harby hereketleriň azalandygy we ýaragly toparlaryň täze milli goşuna goşulandygy habar berildi. Şeýle-de bolsa, ýerli çaknyşklaryň henizem prowokasiýa sebäpli ýüze çykýandygy bellendi.