ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wens, resmi Waşingtonyň Hindistanyň Kaşmir sebitinde soňky döwürde guralýan hüjümlere çäkli gaýtawul görkezmegini umyd edýändigini aýtdy.
Wens, ABŞ-nyň has uly göwrümli çaknyşygyň öňüni almak isleýändigini belledi.
“Foxs Nýus” kanalyna beýannama beren ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wens, “Bu terrorçylykly hüjüme Hindistanyň çäkli gaýtawul görkezmegini umyd edýäris” diýdi.
Wens, Waşingtonyň hüjümiň jogapkärleriniň tussag edilmegi üçin Pakistanyň, Hindistan bilen hyzmatdaşlyk etmegine garaşýandygyny belledi.
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wens, “Biz Pakistanyň bu wakanyň jogapkärleriniň we ýurdunda iş alyp barýan terrorçylaryň tussag edilmegi we jezalandyrylmagy üçin Hindistan bilen hyzmatdaşlyk etmegine garaşýarys. Elbetde iki tarap bilen hem aragatnaşyk saklaýarys” diýdi.
Dartgynlyk ýokarlaýar
Bu waka, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Pakistanyň harby goşunynyň gündogar goňşusy Hindistan bilen dartgynly günleriň başdan geçirilýän döwründe harby türgenleşik geçirmeginden bir gün soň başdan geçirildi.
Penşenbe güni “Radio Pakistan” harby çeşmelere esaslanýan habarynda, türgenleşikde söweş strategiýasynyň çäginde döwrebap ýaraglaryň ulanylandygyny, esgerleriň we ofiserleriň harby ukubynyň gözden geçirlendigini mälim etdi.
Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda iňňän ýaramazlaşdy. Hindistan 26 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň Pakistana “serhetaşa terrora” goldaw bermekde günäkärledi.
Yslamabat bolsa bu hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny mälim etdi.
Hüjüm hakyndaky garaýyşlary ret eden Pakistan, Hindistan tarapyndan haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda degişli gaýtawulygyň görkeziljekdigini aýan etdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, çarşenbe güni Günorta Aziýadaky dartgynlygyň gowşamagy üçin çagyryş beripdi.
BMG hem taraplara parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş beripdi.
Kaşmir meselesi
Pahalham hüjüminden soň iki tarap hem degişli howpsuzlyk çärelerini gördi. Hindistan, Pakistan bilen baglaşylan Indus suw şertnamasyny bes etdi we gury ýer geçelgesini ýapdy. Ýekşenbe gününden başlap Pakistanyň raýatlaryna berlen wizalary bes etdi.
Pakistan bolsa Hindistanyň raýatlaryna berlen wizalary bes etdi, howa giňişligini Hindistanyň howa ýollaryna ýapdy. Gonşy ýurt bilen edýän söwda gatnaşyklaryny saklady we Hindistan bilen 1972-nji ýylda baglaşylan Simla şertnasmasyny bes etdi. Bu şertnama esasan Kaşmir meselesiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini maksat edinýärdi.
Hindistan bilen Pakistan, 1947-nji ýylda iňlis häkimiýetinden garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň öňki şalyk döwleti bolan Kaşir üçin söweşýär.
Pitneçiler 1989-njy ýyldan bäri Hindistanyň gözegçiligi astyndaky sebitde garaşsyzlyk ýada Pakistan bilen birleşmek üçin pitne turuzýar.
Täze Deli, musulmanlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmire 500 müň esger ornaşdyrdy. Soňky günlerde Modiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, musulman guramalara we mekdeplere garşy edýän basyşyny artdyrmak bilen sebiti durnuksyzlaşdyrdy.
Şol bir wagtyň özünde Hindistan jedelli territoriýada 82 müňden gowrak adamyň ýaşamagyna rugsat bermek bilen bilkastlaýyn ýagdaýda sebitiň demografik gurluşyny özgertdi.
Pahalgam hüjüminden soň Hindistan Kaşmirde 1 müň 500-den gowrak adamy tussag etdi.
Hindistanyň çar tarapynda Hindu sagçy toparlar tarapyndan Kaşmirli musulmanlara garşy hüjümleriň guralýandygy aýdylýar.