Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Palestinanyň Gaza sebitinde bir rus raýatlaryndan birinin boşadylandygy üçin Hamas guramasyna minnetdarlyk bildirdi.
Putin Kremlde ýakynda azat edilen rus raýaty Aleksandr Trufanow we onuň maşgalasy bilen geçirilen duşuşykda Trufanowyň boşadylmagynda Russiýanyň palestin halky bilen uzak möhletli gatnaşyklarynyň uly rol oýnandygyny aýtdy.
Putin: “Elbetde, şeýle üstünlikleri gaýtalamak üçin elimizden geleni ederis we şuňa meňzeş kynçylyklary başdan geçirýänleriň ählisiniň azatlygyny üpjün etmek üçin iş alyp bararys” diýip, belledi.
Putin, Trufanowy boşadandyklary üçin Hamas guramasyna minnetdarlyk bildirip, sebitdäki syýasy ýagdaý hakynda garaýyş beýan etmekden saklandy.
“Hamasyň syýasy ýolbaşçylaryna biziň haýyşymyza gulak asandyklary we bu ynsanperwer hereketi amala aşyrandyklary üçin minnetdarlyk bildirmelidiris. Munuň üçin sizi gutlamak isleýärin” diýip, Putin aýtdy.
Russiýanyň habar gulluklarynyň maglumatyna görä Putin Trufanowyň ejesi Ýelena we onuň gelni Sapir Kohene hem gül desselerini gowşurdy. Olar hem 250 töweregi ýesiriň hataryndadylar.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň ikiýüzlüligi
Putiniň bu başlangyjy
Çarşenbe güni Palestinanyň söweşjeň Yslamy Jihad topary Ysraýyl-german ýesiri Rom Braslawskiň wideo ýazgysyny ýaýratdy. Ol Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuny Gaza garşy dowam edýän bombaly hüjümleri sebäpli ýazgardy.
Braslawski: “Sen nirede?” diýip, sorady we Netanýahuny ýesirleri boşatmak baradaky wadalarynda tapylmaga çagyrdy.
Ol şeýle hem Milli howpsuzlyk Ministri Itamar Ben-Gwiri atyşygy bes etmek we ýesirler boýunça ylalaşyga garşy durandygy sebäpli tankytlady.
Hepdäniň başynda ysraýyl-amerikan ýesiri Edan Aleksandr Netanýahunyň ýalanlaryna ynanandygy üçin Prezident Donald Trampy ýazgardy.
Aleksandr: “Hemmesi ýalan sözledi — meniň halkym, Ysraýyl hökümeti, goşun we ABŞ-nyň administrasiýasy” diýdi.
Ol Hamasyň birnäçe hepde mundan ozal ýesirleri boşatmaga taýýardygyny, emma Netanýahunyň muny ret edip, atyşygy bes etmek hakyndaky ylalaşygy bozup, urşy dowam etdirendigini ýatlatdy.