SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp, Ysraýylyň Eýranyň liderini öldürmegine rugsat bermedi
Netanýahu, ABŞ-nyň Prezidentiniň Ali Hamaneýi öldürmegine rugsat bermändigi hakyndaky habarlar dogrusynda garaýyş beýan etmekden gaça durdy.
Tramp, Ysraýylyň Eýranyň liderini öldürmegine rugsat bermedi
13 hours ago

Amerikaly ýokary derejeli resminiň AFP habarlar gullugyna beren beýannamasyna görä, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ysraýylyň Eýranyň lideri Aýetullah Ali Hamaneýi öldürmek meýilnamasyny weto etdi.

Ýekşenbe güni metbugata beýannama beren ýolbaşçy, “Ysraýyllylaryň Eýranyň liderine hüjüm guramak isleýändigini öwrendik we Prezident Tramp muňa garşy durdy”diýip belledi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Foks Nýus kanalynyň Trampyň Hamaýeniň öldürilmegini islemeýändigi hakyndaky soragyna jogap bermekden gaça durdy.

Netanýahu “Bu mesele barada garaýyş beýan etmek islemeýärin. Näme edilmeli bolsa şony edýäris we ABŞ öz bähbitleri üçin nämäniň gowy bolandygyny bilýär” diýip belledi.

Netanýahu, Ysraýyl bilen Eýranyň biri-birine garşy raketa hüjümlerini guraýan pursatlarynda metbugata beýannama berdi.

Ierusalimden partlama sesleri eşidilýärkä, Tährandaky howa goranyş ulgamlary herekete geçdi we halkyň gaçybatalgalara gönükdirlendigi nygtaldy.

Onlarça ýyldan bäri dowam edýän duşmançylyk we wekilçilik söweşlerinden soň başdan geçirlen soňky çaknyşyklarda iki tarapyň hem birek-birege guraýan raketa hüjümleri ünsleri özüne çekdi.

Soňky çaknyşyklar Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biler.

Çaknyşyklar anna güni ysraýylly ýokary derejeli serkerdeleri we alymlary öldürmeginden, harby we ýadro desgalaryny nyşana almagyndan soň başlady.

Tel-Awiwiň bu sebäpsiz hüjümi, Eýranyň Ysraýyla garşy ar almak üçin hüjüm guramagyna sebäp boldy we iki taraply hüjümler şol günden bäri dowam edýär.

Netanýahu, Fox Nýus kanalyna beren beýannamasynda, “Tähranda razwetka gullugynyň ýolbaşçylaryny nyşana aldyk”diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ABC Nýus kanalyna beren beýannamasynda, Waşingtonyň hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny mälim etdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin töwellaçy bolmaga taýardygyny aýtdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us