Şenbe güni Srinagarda başlan reýdler beýleki sebitlerde hem dowam edýär. Musulman liderler reýdleri dini edebiýata guralan adalatsyz hüjüm diýip häsiýetlendirdi.
Howpsuzlyk güýçleri reýdleriň gadagan edilen guramanyň ideologiýasyny ýaýradýan kitaplaryň gizlin satylýandygy barada glip gowşan habarlardan soň amala aşyrlandygy öňe sürsede, ýolbaşçylar awtoryň ady hakynda hiç hili maglumat bermedi. Emma ýygnalan kitaplaryň Jemaaty Yslamyň esaslandyryjysy Abul Ala Mewdudiýä degişligi mälim edildi.
Şamim Ahmed Thokar, ýygnalan kitaplaryň ahlaky gymmatlyklary we jogapkarçilikli hereket edilmegini ündeýändigini aýtdy.
Kaşmiriň baş ymamy Ömer Faruk, “Yslamy kitaplara garşy edilýän basyşy we kitaplaryň ýygnalmagy wakasyny ýazgardy. Ömer Faruk, şol kitaplaryň internetde hem bardygyna ünsi çekdi.
Hünärmenler we sebitde ýaşaýan kaşmirliler Modiniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň 2019-njy ýylda Kaşmiriň özygtyýarlygyna eýe bolmagyndan soň raýatlaryň erkinliginiň çäklendirilýändigini nygtaýar.