Kubaly ýüz müňlerçe adam paýtagt Gawanada geçirlen 1-nji maý mitingine gatnaşyp, 60 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ABŞ-nyň söwda embargosyna we Waşingtonyň lukmançylyga goýan çäklendirmesine garşylyk görkezdi.
Penşenbe güni geçirlen miting, ýurtda 2022-nji ýyldan bäri geçirlen iň uly miting boldy. Agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurtda, ýangyç ýetmezligi sebäpli has kiçi protestler geçirilýärdi.
Meşhur Malekon kenarýaka zolagynda bir ýere jemlenşen protestçylar hökümetiň merkezi bolan Ynkylap meýdanyna çenli ýöredi.
Lukmanlar we şepagat uýalary topary, milli gahryman Hose Martiniň ýadigärliginiň öňünden geçýärkä “Gabaw bes edilsin” we “Ýaşasyn azat Kuba” diýlen şygarlary aýtdy.
Protest ýörişine Kuba ynkylabynyň lideri Fidel Kastonyň dogany we ozalky prezident Raul Kasto bilen häzirki Mejlisiň başlygy Migel Dias-Kanel hem syn etdi.
Trampyň ada goýan sanksiýalary
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, wezipesine girişen ilkinji güni ozalky Prezident Jo Baýdeniň Kubany terrora goldaw berýän döwletleriň sanawyndan çykarýan kararyny bes edip, ada has köp sanksiýanyň goýulmagynyň öňüni açdy.
ABŞ 1 aý soň, Kubanyň daşary ýurda lukman ugratmagyny çäklendirdi. Kubanyň daşary ýurda lukman ibermek meýilnamasy Kuba üçin esasy walýuta girdejisini üpjün edýärdi. Emma Waşington bu meýilnamany “zor bilen işletmek” hökmünde häsiýetlendirdi.
“AFP” habarlar gullugyna beýannama beren 50 ýaşyndaky laboratoriýa tehnihi Aleksandr Garsia “Şu gün bu ýere gelmek we ynkylaby goramak diýseň möhüm” diýdi.
Kubanyň İşçi merkezi bileleşiginiň lideri Ulises Guilarte, Trampyň adminstrasiýasyny “ýurduny durnuksyzlaşdyrmaga synanşmakda” günäkärledi.
Guilarte resmi Waşingtonyň Kubanyň lukmançylyk topary meýilnamasyna garşy alyp barýan kampaniýasyny “ýerliksiz” hökmünde häsiýetlendirdi.