April 21, 2025
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, duşenbe güni Tailandyň Narathiwat şäherinde hepdäniň ahyrynda guralan iki hüjümde azyndan 16 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
“Bangkok Post” gazetiniň berýän habaryna görä, ilkinji hüjümde Muang etrabyndaky Khok Khian polisiýa gullugyna degişli umumy ýaşaýyş jaýynyň öňündäki motosikl ýaryldy. Wakada 9 adam ýaralandy.
Partlama sebäpli bina we golaýdaky beýleki ulaglara zeper ýetirildi.
Waeng etrabynda bolsa ýaragly adamlar, bir öýüň öňünde agşam naharyny iýýän tailandly budistlere granat atdy.
Hüjümde 7 adam ýaralandy.
Ýaralananlaryň ýagdaýy hakynda maglumat berilmedi.
Ýolbaşçylar hüjümler bilen arabaglanşykly işiň gozgalandygyny we berk howpsuzlyk çäreleriniň görlendigini mälim etdi.