ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ukraina ugradyljak Patriot raketa ulgamlarynyň ugradyljakdygyny we şeýle hem Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen bagly nägileligini bildirdi.
Donald Tramp ýekşenbe güni Merilentdäki Joint Base Andrews diýilýän ýerde metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Ýewropa Bileleşigi onuň çykdajylaryny çekýär. Biz hiç hili pul tölemeýäris, emma ugradýarys. Bu biziň üçin söwda bolar we olaryň mätäç bolan Patriot ulgamlaryny ugradarys” diýdi. Tramp näçe sany Patriot raketa ulgamynyň ugradyljakdygy barada bolsa maglumat bermedi.
ABŞ-nyň lideri Russiýanyň prezidenti Putiniň tutumyny tankytlap: "Putin hakykatdanam köp adamy geň galdyrdy. Gowy gürleýär, ýöne agşam her kimi bombalaýar. Emma bu ýerde kiçiräk bir mesele bar: Men ol edilýänleri halamok" diýdi.
Tramp NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen duşuşjakdygyny mälim etdi. Rutte duşenbe güni Waşingtona iki günlük saparyna başlaýar we şol ýerde Döwlet sekretary Marko Rubio, Goranmak ministri Pit Hegset we Kongresiň agzalary bilen duşuşyklar geçirer.
Duşenbe güni Russiýa garşy sanksiýalaryň yglan edilip-edilmejekdigi bilen bagly soraga Tramp: "Ertir näme boljagyny göreris" diýdi.
Senatorlar Lindsi Grem we Riçard Blýumental 1-nji aprelde Russiýadan nebit, gaz, uran we beýleki önümleri satyn alýan ýurtlardan importa 500 göterim salgyt saljak 2025-nji ýyldaky Russiýa sanksiýalar kanunyny hödürläpdiler.
Tramp geçen penşenbe güni beren beýanatynda, duşenbe güni Russiýa barada "uly bildiriş" berjekdigini aýtdy, ýöne jikme-jiklik bermändi.