Fokus Taýwan, Taýwanyň Sanly ministrliginiň Facebook-yň esasy firmasy bolan Meta Platformalary A. S.-ä reklamalar bilen baglanşykly maglumatlaryň “ýeterlik we aç-açan bolmanlygy” sebäpli 512 müň 324 dollarlyk jerime salandygyny habar berdi.
Ministrlik soňky döwürde 23 wakada reklama berenler bilen baglanşykly doly maglumatyň berilmändigi sebäpli Meta firmasyna jerime salnandygyny mälim etdi.
Ýolbaşçylar firmanyň reklama berenler ýada maliýeleşdiren guramalar hakynda doly maglumatyň berilmegi boýunça borjyny ýerine ýetirmändigini mälim etdi.
Şeýlelikde Meta firmasyna şol bir mesele boýunça Taýwan tarapyndan ikinji gezek jerime salyndy.
Firma 22-nji maýda hem 35 müň dollaryň jerime salnypdy.
Facebook, Taýwanda ýalňyş reklamalaryň esasy çeşmelerinden biri hökmünde görülýär.
2024-nji ýylyň ahyrynda geçirlen sowalnama görä, taýwanlylaryň 60 göterimden gowragy Meta platformasynda ýalňyş habarlara duş gelendigini nygtaýar.
Firma 2024-nji ýylda platformalaryndan 146 müňden gowrak reklamany we 1,6 million ýalňyş reklamany aýyrandygyny mälim etdi.
Meta aç-açanlygy güýçlendirmek boýunça işleriniň dowam etjekdigini we platformanyň howpsuzlygy üçin ministrlik bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigini aýan etdi.
Firma meseläni çözmek üçin 30 gün möhlet beren ministrlik, eger şeýle bolman halatydna ýene-de jerime salynjakdygyny duýdurdy.