Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkiye Respublikasynyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň ösüşindäki TEKNOFEST-iň roly we strategik taslamalarynyň üstünde durup geçip, Türkiyäniň geljege bolan baglylygyny nygtap geçdi.
Şenbe güni Lefkoşa şäherinde geçirlen TEKNOFEST festiwalynyň baýrak gowşuryş dabarasynda söz sözlän Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiyäniň uçarmansyz howa ulagy tehnologiýasynda dünýäde ilkinji üç ýurduň biridigini mälim etdi.
Erdogan ýurduň tehnologiýa ugrunda energiýa we tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini habar berdi.
Erdogan geljege bolan ynamy belläp: “TEKNOFEST ýaşlary, DKTR-da artýan taslamalar we strategik başlangyçlarymyz bilen bu ýerde ýüzlerçe ýyllap bar bolmaga dowam ederis” diýip nygtady.
Erdogan: “Biz, türk milleti we kiprdäki türkler bolup, bu topraklaryň eýesidiris. Ony bilmeýänler bilip goýsun, eşitmedikler bar bolsa eşdip goýsun” diýip, Türkiyäniň DKTR bilen bolan güýçli gatnaşyklaryny ýene-de bir gezek tassyklap geçdi.
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiyäniň goranyş pudagynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi we "Türkiyäniň milli goranyş pudagynda gazanan üstünlikleriniň arkasynda durýan guramalar tutuş türk dünýäsi üçin buýsançdyr" diýdi.
Türkiye öňdebaryjy tehnologiýa, awiasiýa we kosmos çäresi bolan TEKNOFEST-iň soňkusy DKTR-da geçirildi we Leşfkoşada müňlerçe adam kabul edildi. Dört gün dowam eden çäräniň ilkinji gününe takmynan 62000 myhman geldi.
Türk Tehnologiýa Topary (T3) gaznasy we Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministrligi tarapyndan gurnalan TEKNOFEST, 2018-nji ýyldan bäri her ýyl onlarça döwlet edaralarynyň, hususy pudaklaryň we uniwersitetleriň goldawy bilen geçirilýär.
Çäre adatça, dürli ýyllarda Türkiyäniň dürli şäherlerinde we Stambulda geçirilsede, DKTR Azerbaýjandan soň TEKNOFEST kabul eden ikinji halkara ýurt boldy.
2024-nji ýylda bu çäre Türkiyäniň günortasyndaky Adana şäherinde geçirilipdi we çärä takmynan 1,1 million myhman gelipdi.