SYÝASAT
3 minut okamak
BDSGG: Ýurtlar gelejekdäki pandemiýalara garşy göreş boýunça taryhy ylalaşyk gazandy.
Gurama agza ýurtlar 32 sahypalyk şertnama boýunça ylalaşyk gazandy. Şertnama pandemiýalara garşy göreşde deň-hukuklygy, tehnalogiýalaryň paýlaşylmagyny we hyzmatdaşlygy öz içine alýar.
BDSGG: Ýurtlar gelejekdäki pandemiýalara garşy göreş boýunça taryhy ylalaşyk gazandy.
April 16, 2025

Cowid-19 epidemiýasynyň bütin dünýäde saglygy goraýyş pudagyna uly zeper ýetirmeginden 5 ýyl soň gurama agza ýurtlar, täze halkara pandemiýa taýar bolmak üçin deň-hukuklyk, tehnalogiýalaryň paýlaşylmagy we hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda 32 sahypalyk şertnamanyň teksti boýunça ylalaşyk gazandy.

Üç ýyldan gowrak wagt dowam eden gepleşiklerde, ýurtlaryň gelejekdäki pandemiýalaryň hötdesinden gelmegi üçin taryhy şertnamanyň teksti boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şertnama Cowid-19 krizisinde goýberlen ýalňyşlyklaryň indi gaýtalanmazlygyny maksat edinýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Ghebreýesus şertnama gol çekişilmegini “Şu gije has howpsuz dünýäniň gurulmagy taýdan taryhy öwrülşik edildi. Şu gün bütin dünýä Ženewada taryh ýazdy” diýip analiz etdi.

Cowid-19 pandemiýasy millionlarça adamyň ýogalmagyna sebäp boldy we ykdysadyýete uly zeper ýetirdi. Pandemiýadan 5 ýyl soň H5N1 guş dümewi, gyzamyk, Mpox we Ebola ýaly täze howplaryň gün tertibinde esasy orun eýeleýän günlerinde sagly goraýyş ulgamynyň goralmagy taýdan möhüm gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň soňky tapgyry ABŞ-nyň daşary ýurtlara berýän kömeklerini azaltmagy we derman önümlerine goýjak ýokary sagltylary sebäpli dargynly ýagdaýda geçdi.

Kabul edildi

Gepleşik tapgyrynda soňky minuda çenli käbir jedelleşikli ugurlarda garaýyş tapawutlylygy dowam etdi. Taraplar, pandemiýa garşy göreşde ösüp barýan ýurtlaryň saglygy goraýyş pudagynyň ulanýan tehnalogiýalary bilen üpjün edilmegini öz içine alýan 11-nji madda boýunça ylalaşyk gazanmakda kynçylyk etdi.

Ýadyňyzda bolsa Cowid-19 epidemiýasy döwründe ýoksul ýurtlar, baý ýurtlary sanjymlary we testleri başga ýurtlara bermezlikde günäkärläpdi. Derman senagaty taýdan ösen ýurtlar bolsa tehnalogiýalary eksport etmäge mejbur däldiklerini mälim edipdi.

Ylalaşygyň esasy bölegini Patogenlere elýeterlilik we hyzmatdaşlyk ulgamy PABS emele getirýär. Bu ulgam derman öndürýän firmalar bilen patogen maglumatlaryny çalt paýlaşmagy we pandemiýa garşy önümleriň işläp düzülmegini maksat edinýär.

Gepleşiklere ýolbaşçylyk eden Anne-Kler Amprou “Taryhy ylalaşygyň taýarlanmagy dünýä ýurtlarynyň geljekki pandemiýa howplaryndan goralmagy we öňüniň alynmagy üçin uly tagalla edilýändigini görkezdi” diýdi.

Gepleşiklerde kabul edilen tekst, öňümizdäki aý geçiriljek BDSGG-nyň Baş Assambleýasyna hödürlener.

Deňlik

BDSGG-nyň Baş sekretary Tedros Ghebreýesus metbugata beren beýannamasynda tekstiň “deňagramly” bolandygyny nygtady we şertnamanyň “deň hukuklyga” esaslanmagyny umyd edýändigini belledi.

Pandemiýanyň öňüni almagyň, taýarlyk görmegiň we degişli çäreleriň görülmeginiň gymmat bolup biljekdigini nygtan Ghebreýesus “Emma hereketsizligiň gymmaty has uly” diýip duýdyryş berdi.

Daşary ýurtlara berýän kömegini azaltmak bilen halkara saglygy goraýyş ulgamynda krizise sebäp bolýan ABŞ bolsa gepleşiklere gatnaşmady.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýanwar aýynda wezipesine girişmeginden soň BDSGG-dan we pandemiýa şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşiklerden çekilmek barada karar kabul edipdi.

Emma ABŞ-nyň ýoklugy we Trampyň derman önümlerine ýokary salgydyň goýuljakdygy hakyndaky hemleleri gepleşiklere öz täsirini ýetirdi.

Derman öndürijiler bilen hökümetler bu meselä uly alada bildirýär.

Emma ýene-de ahyry ýurtlar ylalaşyk gazanmagy başardy. Birnäçe adam tekstiň kabul edilmegini özara hyzmatdaşlyk taýdan uly ýeňiş hökmünde görýär.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us