SYÝASAT
2 minut okamak
Eýranly ýokary derejeli diplomat Pakistanda saparda bolýar
Eýran, Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde guralan hüjümden soň, Yslamabat bilen Täze Deliniň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla edýär.
Eýranly ýokary derejeli diplomat Pakistanda saparda bolýar
May 5, 2025

Eýranyň Daşary işler ministri geçen aý Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kamirde syýahatçylyk zolagynda guralan hüjümden soň başlan Yslamabat bilen Täze Deliniň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin Pakistana gitdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi, Kaşmir sebitindäki dartgynlykdan soň Yslamabada ilkinji daşary ýurt saparynyň Eýran tarapyndan guralýandygyny mälim etdi.

Resmi Tähranyň iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin töwellaçylyk teklip etmeginden birnäçe gün soň Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Pakistana gitdi.

Arakçi, paýtagt Yslamabadyň golaýyndaky howa menziline gonandan soň Pakistanly ýokary derejeli ýolbaşçylar tarapyndan garşylandy.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Arakçi kärdeşi İsak Dar bilen duşuşar.

Myhman Daşary işler ministriniň Prezident Asif Ali Zerdari we Premýer-ministri Şahbaz Şerif tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar.

Pakistanyň ýaragly güýçleriniň geçen hepde Hindistanyň 22-nji aprelde Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmiriň Pahalgam sebitinde 26 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm sebäpli Pakistana hüjüm edip biljekdigi nygtalýar.

Pakistan hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny öňe sürýär we bitarap ýagdaýda derňew işiniň geçirilmegini teklip etdi.

Täze Deli bolsa häzire çenli şol teklibi kabul etmedi.

ABŞ-nyň başda durmagynda dünýä liderleri iki tarapa hem parasatly çemeleşmekleri we dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmaklary üçin çagyryş berdi.

Soňky dartgynlyk, iki ýurduň raýatlarynyň we diplomatlarynyň ýurtdan çykarylmagyna we howa giňişliklerini ýapmagyna sebäp boldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us