Nigeriýanyň demirgazygynda ýaragly adamlaryň 3 aýry harby baza hüjüm guramaklary netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 17 esgeriň ýogalandygy habar berildi. Howpsuzlyk güýçleri we ýerli resmileriň biri wakanyň zorlugyň ýygy-ýygydan başdan geçirilýän sebitde bolan soňky hüjümlerdigini beýan etdiler.
Ýurduň demirgazyk-günbatarynda hereket edýän, ýerliler tarapyndan “garakçylar” diýlip atlandyrylýan ýaragly toparlar adamlary alyp gaçmak we howpsuzlyk güýçlerini nyşana almak ýaly aksiýalar amala aşyrýarlar.
Nigeriýanyň goşuny sişenbe güni amala aşyrlan hüjümleri tassyklady, ýöne wakalar barada jikme-jik maglumat bermedi.
Goşun tarapyndan berilen beýanatda "Gynansagam, mert söweşijilerimiz gün boýy dowam eden çaknyşyklaryň netijesinde wepat boldylar. Bu çaknyşyklarda ýaralanan dört esger häzirki wagtda bejergi alýar" diýip mälim edildi.
Iki howpsuzlyk çeşmesi ýaragly adamlaryň Niger welaýatynyň Kwanar Dutse Mariga we Boka sebitlerinde we goňşy Kaduna ştatyndaky başga bir bazada garaşylmadyk hüjümleri amala aşyrandyklaryny, birnäçe sagatlap esgerler bilen çaknyşandygyny habar berdiler.