TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
DKTR Türk Howa Ýollary we AŽet bilen hyzmatdaşlyk tewirnamasyny baglaşdy
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar “Bu karar, syýahatçylyk pudagynyň ösmegine itergi berer” diýdi.
DKTR Türk Howa Ýollary we AŽet bilen hyzmatdaşlyk tewirnamasyny baglaşdy
9 小时前

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy howa gatnawyny has amatly we elýeterli ýagdaýa getirmek maksady bilen Türkiýäniň milli howa ýollary firmasy THÝ we arzan bahaly howa ýoly frimasy AŽet bilen hyzmatdaşlyk tewirnamasyny baglaşdy.

Duşenbe güni paýtagt Lefkoşada (Nikosiýa) geçirlen gol çekişlik dabarasyna DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşdy.

Hyzmatdaşlyk teswirnamasyna DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel bilen THÝ-nyň Dolanşyk geňeşinin başlygy Ahmet Bolat gol goldy.

Teswirnamanyň çäginde howa gatnawyny has amatly ýagdaýa getirmek we syýahatçylaryň sanyny artdyrmak maksady bilen AŽet firmasy DKTR-nyň Erjan howa menzilinden Türkiýäniň uly şäherlerine uçar saparlaryny gurar.

    “Syýahatçylyk pudagynyň bäsleşik güýji artar”

Teswirnamanyň çäginde Türkiýe bilen DKTR-nyň arasyndaky uçuşlaryň bahalarynyň ýokarky çägi 150 amerikan dollary ýagny 6 müň türk lirasy hökmünde kesgitlendi.

26-njy iýunda Londonda geçirlen tanyşdyrlyş çäresinden soň London bilen Erjan howa menzilinin arasynda iki taraplaýyn uçuşyň bahasy 250 ýewro hökmünde kesgitlendi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar gol çekişlik dabarasynda eden çykyşynda, teswirnamanyň syýahatçylyk pudagynda bäsdeşligiň ýokarlamagyna itergi berjekdigini aýtdy.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us