Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar, Fransiýanyň Palestin döwletini ykrar etmek baradaky meýilnamasyny berk tankyt etdi. Saar bu başlangyjyň “terrory sylaglandyrmak” manysyny aňlatjakdygyny belledi.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, çarşenbe güni Frans 5 kanalyna beren beýannamasynda, Fransiýanyň Palestin döwletini ykrar etmek üçin taýarlyk görýändigini we Saud Arabystany bilen birlikde iýun aýynda geçiriljek halkara konferensiýada karar hakynda giňişleýin maglumat berjekdiklerini aýtdy.
Karara garşylyk görkezen Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar, “Haýsydyr bir ýurduň bir taraply ýagdaýa kabul etjek karary hyýaly Palestin döwletini sylaglandyrmak we Hamasy güýçlendirmek”manysyny aňladar” diýdi.
Ministr Saar şuňa meňzeş başlangyçlaryň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edip bilmejekdigini tersine meseläni has-da çuňlaşdyrjakdygyny öňe sürdi.
Fransiýanyň Prezidenti Makron bolsa “Ykrar edilşik meselesinde anyk başlangyçlar edilmeli we ýakynda şeýle ederis” diýdi.
Iýun aýynda Nýu-Ýorkda geçirilmegi meýilleşdirlen we iki döwletli çözgüt meselesine garaljak konferensiýasynyň öwrülşik nokady bolup biljekdigi nygtalýar.
Makronyň Ysraýylyň 2023-nji ýyldan bäri Gazada 50 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan söweşiň dowam edýän günlerinde we sebitdäki krizisiň syýasy taýdan çözülmegi üçin edilýän tagallalaryň depgininiň güýçlenen döwründe şeýle beýannama bermegi ünsleri özüne çekdi.
Fransiýanyň lideri 2024-nji ýylyň fewral aýynda beren beýannamasynda, Palestin döwletiniň ykrar etmegiň Fransiýa üçin ahlak hem-de syýasy taýdan zerurlykdygyny aýdypdy. Makron “Biz muny uzak wagtdan bäri ejir çekýän palestin halkyna borçly. Bu asyryň iň uly antisemtiki gyrgynçylygyny başdan geçirýän ysraýyllylara borçly. Biz çaknyşyklardan we ar alyş tohumlaryndan halas bolmak isleýän sebite borçly” diýipdi.
Palestinany ykrar eden ýurtlaryň sany artýar
Häzire çenli BMG-na agza 193 ýurduň 147-i Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi. Geçen ýylyň maý aýynda Ispaniýa, Irlandiýa we Norwegiýa hem şol ýurtlaryň hataryna goşuldy. Şeýlelikde Palestinany ykrar eden ÝB-ne agza ýurtlaryň sany 10-a ýetdi. Bolgariýa, Malta, Wengriýa, Polşa, Şwesiýa we Ruminiýa hem Palestinany ykrar edipdi.
Ýewropadan daşary Bahama, Trinidad, Tobagy, Žamaýka we Barbados ýaly ýurtlar hem Palestin döwletini resmi taýdan ykrar edipdi.