DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tehasda sil sebäpli ýogalanlaryň sany 51 adama ýetdi
Dereksiz ýitenleriň arasynda tomusky Camp Mystic lagerinden 27 ýaş gyz bar
Tehasda sil sebäpli ýogalanlaryň sany 51 adama ýetdi
6 juillet 2025

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň merkezindäki sil sebäpli ýogalanlaryň sany 51 adama ýetdi. Dereksiz ýitenleriň arasynda tomusky Camp Mystic lagerinden 27 ýaş gyz bar.

Kerrwill şäheriniň häkimi Dalton Raýs, sebitde sil sebäpli has köp adamyň dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Raýs mesele hakynda metbugata beren beýannamasynda “Häzirki görkezijilere görä sil sebäpli 27 adam dereksiz ýitgi. Emma dereksiz ýitenleriň sanynyň artmagyna alada bildirýäris” diýdi.

Tehasyň gubernatory Greg Abbot bolsa, adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampdan goşmaça bujet talap edendiklerini aýtdy.

Tehasyň Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy edarasynyn başlygy Nim Kidd, Guadalupa derýasynyň boýunda gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýtdy.

Kidd “Dereksiz ýitenler tapylýança gözleg we halas ediş işleri dowam eder” diýdi.

Sil anna güni birnäçe aýda ýagjak ýagyşyň birnäçe sagatda ýagmagy bilen başlady we Guadalupa derýasynyň 45 minutda 8 metre çenli ýokarlamagyna sebäp boldy.

Milli meteralogiýa gullugy ýagyşlaryň dowam etjekdigi, derýalaryň suwynyň ýokarlajakdygy we sile sebäp boljakdygy barada duýdyryş berdi.

61 ýaşyndaky Tehasly ýaşaýjy Gerardo Martinez “Suw agaçlaryň depesine çenli çykdy. 10 metre çenli baryp ýetdi, ulaglar hatda ýaşaýyş jaýlary suwyň aşagynda galdy” diýdi.

Camp Mystijclagerindäki heläkçilik

Şenbe güni ýagan ýagyş Camp Mystic hristian tomusly lagerinde 27 gyzyň ýitmegine sebäp boldy. Tomusly lagerde 750-ä golaý gyz bardy.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dereksiz ýiten gyzlardan 4-niň ýogalandygyny habar berdi.

Guadalupe derýasynyň kenarynda ýerleşýän lagerdäki goşlaryň, oýunjaklaryň suwyň aşagynda galandygy bellenildi.

Lageriň aýnalarynyň suwyň güýji bilen döwlendigi nygtaldy.

Camp Mystic lagerinden 1 mil alysda ýerleşýän Heart O’The Hills tomusky lageri, şenbe güni başdan geçirlen apatda lageriň müdüri Ragsdelenin hem ýogalandygyny mälim etdi.

Agyr gün

Kerrwill şäheriniň häkimi Dalton Raýs, gözleg we halas ediş toparynyň uly kynçylygy başdan geçirendigini aýtdy.

Raýs “Şu gün irden sagat 08.00-da gözleg we halas ediş işlerine başladyk, sebitiň ýaşaýjylaryna hem gözleg işlerine başlamaklary üçin duýdyryş berdik”diýdi.

Raýs tomusly lagerde ýogalanlar hakynda doly maglumat berip bilmejekdiklerini belledi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us