Türkiye Hindistanyň 6-njy maýda Pakistanda asuda ilata we raýat infrastrukturasyna guran hüjümini berk ýazgardy we bu ädimiň iki goňşy ýurduň arasynda ähli taraplaýyn urşa sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan çarşenbe güni berlen beýanatda, Ankara bu dartgynlygy "öjükdiriji" diýip häsiýetlendirdi we iki tarapa hem parasatlyly we paýhasly hereket etmek barada çagyryş berdi.
Beýanatda: "Biz asuda ilata we raýat infrastrukturasyna gönükdirilen öjükdiriji ädimleri we hüjümleri ýazgarýarys. Hindistan tarapyndan düýn gije guralan hüjüm ähli taraplaýyn uruş howpuny döretdi" diýildi.
Türkiye ýagdaýyň gysga wagtda erbetleşmegine çuňňur alada bildirip, dartgynlygy azaltmak we çaknyşyklaryň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrdy. Ministrlik geljekde şuňa meňzeş wakalaryň öňüni almak üçin zerur mehanizmleri döretmegiň, esasanam terrorçylyga garşy göreşde möhümdigini aýtdy.
Ankara mundan başgada 22-nji aprelde guralan terrorçylykly hüjüm bilen bagly derňew geçirmek baradaky talaba goldaw berýändigini, aç-açanlyk we sebitleýin hyzmatdaşlyk babatyndaky çemeleşmesini belläp geçdi.
"Sebitdäki dartgynlygy iň gysga wagtda azaltmak üçin zerur çäreler görler diýip umyt edýäris" bellenen beýanatda, Türkiyänyň wakalary ýakyndan gözegçilik etmäge dowam etdirýändigi aýdylýar.
Ýadro ýaraglaryna eýe bolan iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygyň artmagy
Hindistan Pakistanda we Pakistanyň dolanşygyndaky Kaşmirde alty tapawutly ýere hüjüm gurady. Pakistanly resmileriň habar bermegine görä, şol hüjümlerde çagalar bilen birlikde asuda ilat öldürildi we metjitlere zeper ýetdi.
Pakistanyň goşuny nyşana alnan sebitleriň Bahawalpur, Muridke, Muzaffarabad, Kotli, Bagh we Ahmadpur Istdigini aýtdy. ýogalanlaryň arasynda 3 ýaşly gyz çaga, 16 ýaşly gyz we 18 ýaşly oglan bar. Onlarça adam ýaralandy we iki adam henizem dereksiz ýitdi.
General-leýtenant Ahmed Şerif Çaudri dürli ýaraglar bilen 24 aýry hüjümiň guralandygyny we gür ilatly ýerler bilen dini ýerlere hüjüm guralandygyny aýtdy. Muňa jogap edip, Pakistan bäş sany hindi harby uçaryny we birnäçe uçarmansyz howa ulagyny or açyp ýere gaçyrandygyny habar berdi.