DÜNÝÄ
1 minut okamak
Beýik Britaniýada pajygaly ýangyn: 14 çaga tussag edildi
Beýik Britaniýada senagat zolagynda bolan ýangynda 14 ýaşyndaky bir çaga ýogaldy. Waka bilen baglanşykly ýaşlary 11-14 ýaş aralaygynda üýtgeýän 14 çaga göz tussaglygyna alyndy, hadysa bilen bagly derňew işiniň dowam edýändigi mälim edildi.
Beýik Britaniýada pajygaly ýangyn: 14 çaga tussag edildi
Beýik Britaniýa
4 مايو 2025

Metbugatda berlen habarlara görä, Beýik Britaniýanyň demirgazyk-gündogarynda, senagat zolaklarynyň birinde bolan ýangynda 14 ýaşyndaky bir çaganyň ýogalmagyndan soň 14 çaga göz tussaglygyna alyndy.

BBC tarapyndan şenbe güni Nortumbriýa polisiýa gullugyna esaslanyp beren habaryna görä, içinde 3 gyz we 11 erkek çaganyň bolan toparyň, adam öldürmek şübhesi bilen tussag edilendikleri habar berildi.

Şenbe güni Geýtshetdäki Ferfild senagat zolagynda ýüze çykan ýangyn birnäçe wagt soň söndürilmegine garamazdan, binanyň içinde jeset tapyldy.

Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary: “Gynansagam Nortumbriýa polisiýa gullugy we Taýn we Yir ýangyn söndüriş we halas ediş gullugy tarapyndan geçirlen gözleg we derňew işleriniň netijesinde binanyň içinde 14 ýaşyndaky Leýton Karrdygy çak edilýän çaganyň jesedi tapyldy” diýdi. Leýtonyň dereksiz ýitendigi baradaky habar bu pikiri güýçlendirýär, ýaşlary 11-14 aralygynda üýtgeýän 14 çaga bolsa polisiýa gullugynyň gözegçiligi astynda.

Resmiler ýangyn bilen baglanyşykly derňewiň entek başlangyç tapgyrdadygyny aýtdy we halkdan "çuňňur pajygaly waka" barada çaklama habarlaryň ýaýradylmazlygyny talap etdi.

Polisiýa bu waka bilen baglanyşykly "ähli ýagdaýlary anyklamak" üçin derňew tapgyrynda sebitde howpsuzlyk çäreleriň görülendigini habar berdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us